Sinjiangdan bolan etniki gazak Kaýşa Akan Hytaýdaky«täzeden terbiýeleýiş lagerine»düşmekden howatyr edip, Gazagystanyň serhedini bikanun ýagdaýda geçipdir. Onuň başpena gözleýän bosgunlyk şahadatnamasynyň möhleti 20-nji noýabrda gutarýar.Ol özüniň Hytaýa derportasiýa edilmeginden gorkýar.
«SIZ HIÇ BIR GYSYLYŞY GÖRMÄNSIŇIZ»
Kaýşa Akanyň gümrük gullygy barlagynyň ýanyndan hytaý-gazagystan serhedini bikanun ýagdaýda kesip geçenine iki ýyldan gowrak wagt bolýar. Onuň doglan ýeri aglaba köplügini türki dilli milletler düzýän Hytaýyň Sinjiang welaýaty bolmaly. Indi ol gazak hökümetine ýüz tutup, özüne bosgunlyk statusynyň berilmegini soraýar. Häzirki wagtda onuň elinde diňe başpena gözleýän şahadatnamasy bar.
Geçen ýylyň dekabrynda Almaty oblastynyň Panfilow raýon sudy Kaýşa Akany 2018-nji ýylyň maý aýynda döwlet serhedini bikanun ýagdaýda geçendigi üçin, gelen ýurduna deportasiýa etmezlik şerti bilen şertli ýagdaýda alty aýlyk azatlykdan mahrum etdi. Hytaýyň Sinjiang welaýatnda doglan we ösüp-ulalan Kaýşa Akan sudda “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerinden” gaçyp, serhedi bozup geçmäge mejbur bolandygyny aýtdy.
2019-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Almaty şäheriniň ýanyndaky migrasiýa gullugynyň komissiýasy Kaýşa Akana bosgunlyk statusyny bermek baradaky ilkinji maslahatyny geçirdi.
— Komissiýa dokuz adamdan ybarat boldy, olardan dördüsi maňa garşy çykdylar.«Siz hiç bir gysylyşy görmänsiňiz. Siziň ogluňyz bolsa Hytaýda okaýar. Siz näme üçin yzyňyza gitmäli däl?»diýdiler—diýip, Kaýşa aýdýar.
Kaýşa häzir Almatyda ýaşaýar. Ol Hytaýda adamsy bilen aýrylyşandygyny, oglunyň bolsa kakasy bilen galandygyny aýdýar.
Onuň sözüne görä, migrasiýa gullugynyň komissiýasy üç aýyň dowamynda maslahat geçirip, onuň arzasy barada karara geljekdigini aýdypdyrlar. Ýöne komissiýanyň nobatdaky maslahaty häzire çenli-de bolmandyr. Kaýşa birnäçe gezek migrasiýa polisiýasynda ýüz tutsa-da, pandemiýa sebäpli komissiýanyň maslahatynyň haçan boljagynyň belli däldigini aýdypdyrlar.
Başpena gözleýän şahadatnamasyny Akan ilkinji gezek 2019-njy ýylyň noýabrynda alypdyr. Üç aýlyk möhlet bilen berilýän ol dokumenti Kaýşa bäş gezek çalyşmaly bolupdyr. Häzirki şahadatnamasynyň möhleti 2020-nji ýylyň 20-njy noýabrynda tamamlanýar. Hytaýdan bolan asly gazak bu maşgala geljekki takdyryny alada edýär.
Başpena gözleýän şahadatnama Gazagystanda diňe wagtlaýynça bolmaga hukuk berýär, onuň bilen işe almaýarlar. Şeýle şahadatnamasy bolanlar döwlet tarapyndan berilýän ýardamdan hem mugt medisina hyzmatyndan peýdalanyp bilmeýär. Şonuň üçin Kaýşa Akan golaýda Facebooksahypasynda wideoýüzlenmeýerleşdirip, özüniň Gazagystanda agyr ýagdaýy başdan geçirýändigini aýtdy hem ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryndan kömek sorady.
— Meni tutup, ýüzugra Hytaýa ugradyp bilerler. Men özümiň geljekki ykbalym barada alada edýänim üçin, bu wideoýüzlenmäni ýerleşdirmeli boldum. Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary, dünýä jemgyýetçiligi we ähli demokratik döwletler, siz hem maňa kömek ediň – diýip, öz ýüzlenmesinde aýdýar.
Serhedi bikanun ýagdaýda geçeni üçin sud bolanda, aklawçysy bolup hukugyny goran ýurist Aýman Umarowanyň indi özüni goramakdan ýüz öwürýändigini wideoýüzlenmede aýdýar hem häzirki wagtda bu işler bilen gyzyklanar ýaly, adwokatynyň ýokdugyny mälim edýär.
Azatlyk Radiosy bilen gürleşende Umarowa Kaýşa Akana diňe sud edilen mahaly mugt goragçy boljakdygyny aýtdy.
«Men oňa Gazagystanda galmagyna hem azatlygyny ýitirmezlige kömek berdim, ýöne men ony mydama goraryn diýip söz bermedim. Häzir meniň ol iş bilen meşgullanmaga wagtym ýok»diýip,ýurist ýagdaýy düşündirdi.
Azatlyk Radiosy Almatynyň migrasiýa gullugy departamentiniň polisiýasy bilen habarlaşyp, Kaýşa Akan bosgunlyk statusyny alyp bilermi diýip sorady.
Migrasiýa gullugynyň ýazmaça beren jogabynda aýdylyşyna görä, Gazagystanyň «Bosgunlar hakyndaky»kanunyna laýyklykda,ol wezipäni ýerine ýetiriji gurama şol bosgun hasaba alnandan soň, üç aýyň dowamynda bosgunlyk statusyny bermek ýa bermezlik baradaky karara gelýär. Eger-de şol meseläni doly çözmek üçin goşmaça derňewler gerek bolsa, ol möhlet bir ýyldan uzak bolmadyk wagta çenli yza süýşürilýär.
2020-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Kaýşa Akanyň özüne bosgunlyk hukugynyň berilmegini sorap arza berenine laýyk bir ýyl boldy.
Ýöne migrasiýa gullugy Kaýşa Akanyň başpena sorap beren arzasyna näme üçin wagtynda seredilmeýändigi baradaky Azatlyk Radiosynyň soragyna jogap bermedi.
«GAZAGYSTANYŇ HÖKÜMETI ÝAÝDANJAŇLYK EDÝÄR»
Hytaýdan gelenleriň hukugyny goraýjy ýurist Şynkuat Baýžanow «öz ýurdunda gysylyşa duçar bolup, serheti bikanun ýagdaýda kesip geçenlere bosgulyk statusy berilmeli»diýýär.Onuň pikirine görä, etniki gazaklardan Gazagystanyň serhedinden bikanun geçenlere suduň karary boýunça ýurtda galmaga rugsat berýär, ýöne olara degişli status bermek meselesini çözmeýär.
— Gazagystan Hytaý bilen baglaşylan syýasy-ykdysady ylalaşygy bozmakdan gorkýar, şonuň üçinem serhetden bikanun geçenlere bosgunlyk statusyny bermekden saklanýar. Serhetden bikanun geçen etniki gazaklary Hytaýa deportasiýa edip hem bilmeýär, sebäbi halkara standartlaryna, şeýle-de «Bosgunlar hakyndaky»kanunyna laýyklykda hereket etmek isleýär – diýip,Baýžanow aýdýar.
90-njy ýyllaryň aýagynda Hytaýdan gaçyp gelen birnäçe uýguryň deportasiýa edilenine şaýat bolan, syýasaty öwreniji Dos Koşimiň pikirine görä, Gazagystanyň etniki gazaklary yzyna ugratmaýandygyna «begenmek gerek». Ýöne ol gazak hökümetiniň häzirki ýagdaýda «hakykatdanam şeýle ýagdaýda ýaýdanjaňlyk edýändigini» boýun alýar.
— Soňky ýyllarda Hytaýyň syýasy lagerleriniň ýesiri bolmakdan gorkup gaçyp gelen ildeşlerimize syýasy gaçybatalga berse bolardy – diýip, ol belleýär.
2018–2019-njy ýyllarda Saýragül Saýytbaý, Kaýşa Akan, Tlek Tabarikuly, Bagaşar Malikuly, Kaster Musahanuly hem-de Murager Alimuly gazak-hytaý serhedini bikanun kesip geçdiler. Olaryň ählisi-de gazak hökümetine ýüz tutup, özlerine bosgunlyk statusynyň berilmegini soradylar, ýöne olardan hiç biri şol statusy alyp bilmedi.
Sinjiangdan gaçyp gelen gazaklaryň köpüsi yzarlanmalardan gorkup, şol regiony terk edendiklerini aýdýarlar. Etniki gazaklaryň hukuklaryny goraýan gurama «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde» näçe gazagyň saklanýandygy baradaky meseläni häli-şindi gozgaýar. Gazagystanyň hökümeti bolsa hytaý resmileriniň Sinjiangda alyp barýan syýasatyna degişli takyk resmi pozisiýasyny mälim etmän gelýär.
2019-nji ýylyň dekabrynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew nemes telekanaly Deutsche Welle interwýu bereninde, Hytaýyň Sinjiang welaýatyndaky türki dilli musulmanlara gysyş edilýändigi baradaençemehalkara guramalarynyň maglumatynyň «hakykata laýyk gelmeýändigini», bu meseläni«çişirmek meýliniň bardygyny» aýtdy.
Şonda Tokaýew: «Munuň geosyýasatdygyna biz düşünýäris, Hytaý bilen ABŞ söwda söweşinde çaknyşýarlar»diýipdi.
HytaýyňŞinjiangwelaýatyndaýaşaýan uýgurlary we beýleki musulmandinine uýýanetniki azlyklaryň wekillerini konsentrasiýa lagerlerine mejbury ýerleşdirýändigi baradaky habar2017-nji ýyldapeýda bolupdy.
Hytaý owal başda beýle lageriň bardygyny ýalana çykardy, soňra munuň bardygyny boýun alyp,«täzeden terbiýeleýiş lagerleriniň»terrorizme we ekstremizme garşy göreşmek üçin niýetlenendigini öňe sürýär.
BMG-niň maglumatyna görä, Sinjiangdaky mejbur ediş«lagerlerde»bir milliondan az bolmadyk adam saklanypdyr. Soňky maglumatlara görä, ol ýerde saklanýanlar mejbury zähmete-de çekilýärler. Pekin şeýle hem musulman jemgyýetinde çaga dogrulyşyny emeli suratda azaltmak syýasatyny alyp barýar.
Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.