Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 5-nji noýabrda, ýurduň sebitiň dürli künjeklerinde tutaşan söweşlere gatnaşýan wagtynda garaşylmadyk beýanat edip, meşhur goranmak ministri Ýoaw Gallanty wezipesinden boşatdy.
Bu göçüm tutuş ýurtda, şol sanda Tel Awiwiň merkezini ysmaz eden köpçülikleýin ýygnanyşyk bilen, uly nägilelik döretdi. Netanýahu bilen Gallant Gazadaky urus üstünde ençeme gezek dawalaşdy. Ýöne Netanýahu, dünýäniň ünsi ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gönükýänçä öz garşydaşyny işden boşatmakdan saklandy.
Netanýahu ikinji gün agşamy Gallanty öz uzak wagtlyk wepaly ýarany bilen çalşyp eden beýanatynda "möhüm boşluklara" we "ynam krizisine" salgylandy.
Netanýahu ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy diýlip kesgitlenen Hamasa garşy harby basyşy dowam etdirmäge çagyrsa, Gallant has pragmatiki çemeleşmä gol ýapdy, harby güýçleriň iň bolmanda wagtlaýyn diplomatik ylalaşyk üçin zerur şertleri döredendigini, munuň söweşiji toparyň saklaýan zamunlarynyň öýlerine gelmegine getirip biljekdigini aýtdy.