Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň ýegeniniň tussaglykdaky öňki aýalyna goşmaça türme möhleti berildi


Gulmira Satybaldy suduň zalynda
Gulmira Satybaldy suduň zalynda

29-njy awgustda Gazagystanyň iň iri Almaty şäherindäki ýöriteleşdirilen sud, ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeniniň eýýäm tussaglykda oturan öňki aýalyny 12 ýyl türme möhletine höküm etdi.

Gulmira Satybaldy 2019-njy ýylda özüniň biznes şärigi we garyndaşy Abaý Žunsowy öz islegine garşy 165 günläp üzňelikde saklamakda günäli tapyldy. Maglumatda munuň Žunsowyň alyp barýan ençeme biznesinden el çekmegi üçin edilendigi aýdylýar.

Satybaldynyň ozalky sürüjisi Madi Batyrşaýew hem adamy öz islegine garşy zor bilen üzňelikde saklamaga ýardam bermekde günäli tapyldy we dokyz ýyl türme möhletine höküm edildi.

Satybaldy häzir eýýäm iki türme möhletini geçýär. Oňa birnäçe kärhananyň emläklerini we paýlaryny bikanun eýelemek we talaňçylyk aýyplamalary esasynda sekiz ýyl, şeýle-de jenaýata getiren hereketler we ogurlyk aýyplamalary boýunça ýedi ýyl türme tussaglygy berildi.

XS
SM
MD
LG