Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muslima: “13 ýyl bile ýaşaşan adamym üstüme ikinji aýal getirdi”


Muslima
Muslima

Gyrgyzystanyň Oş welaýatynyň Nookat etrabynda ýaşaýan Muslima 47 ýaşynda. Onuň adamsy ikinji aýal alandan soň, maşgala dargapdyr. Häzir Muslima kursda okaýar we proýektlere gatnaşýar. Ol durmuşda kynçylyk çekýän beýleki aýallara kömek etmek isleýär.

«Gyz – kişi maşgalasy»

Nookatyň dar köçeleriniň birinde, "Men iki aýallylygyň pidasy boldum" diýen aýal ýolumdan çykdy. Men ony görmäge baranymda, öýünde ýeke özi eken. Uzyn ýeňli köýnegiň aşagyndan salamlaşmak üçin elini uzadanda, eli titreýärdi. Belki, ol interwýu bermekden tolgunýandyr diýip pikir etdim. Daşary sowukdy, biz içeri girdik. Ol maňa gyzgyn çaý uzadanda-da, eliniň titremesi galmandy.

Onuň sebäbini soranymda, maňa öz takdyryny gürrüň berdi.

«Men 18 ýaşymda durmuşa çykdym. Bizde, özbeklerde, gyzlara hatda maşgalanyň mümkinçiligi bolsa-da, bilim bermeýärler. Gyz kişi maşgalasy diýip, ony 18 ýaşynda durmuşa çykarýarlar. Şeýdip, menem durmuşa çykdym. Emma takdyryň emri bilen durmuş guranymdan 13 ýyl soň, ýanýoldaşym ikinji aýalyny öýe getirdi. Bu barada ilkinji gezek eşidenimde, özümi erbet duýdum. Adamymdan göwnüm sowady, ol maňa nähilidir keseki göründi. Özümi gaty erbet duýdum. Gaty aladalanyp, hiç zat iýmän, 2-3 günläp şeýle ýatdym».

Ozalky gazak prezidenti köpaýallykda boýun aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:44 0:00

Ýanýoldaşynyň öýlenendigini Muslima Russiýada işleýän wagtynda bilipdir. Bir gezek ýaşaýan kwartirasyny suw basanda, näderini bilmän, Gyrgyzystana giden ýoldaşyna jaň edende, bir nätanyş aýal jogap beripdir. Muslima ýanýoldaşyny ikinji aýal almagyna gaýynenesi mejbur edendir diýip oýlanýar.

«Ol ogluna yslam dininde şeýle-şeýle, ikinji aýal alsaň bolar diýipdir. ‘Eger ikinji aýaly almasaň, men razy däldirin’ diýip, muny oňa ejesi mejbur edipdir. Ol ejesiniň sözi üçin, ikinji aýal aldy» diýip, Muslima gürrüň berýär.

Muslima ýanýoldaşy bilen 13 ýyl ýaşaşyp, olaryň iki gyzy we bir ogly bolupdyr. Olar durmuş guranlaryndan soň, Russiýada gazanýan pullaryny dogan-garyndaşlaryna iberip durupdyr. «Men aýrylyşanymda, hiç zatsyz galmadym» diýýär. Ol häzir kakasynyň guran jaýynda ýaşaýar.

Muslimanyň jaýy
Muslimanyň jaýy

«Iki aýal adamsyny goldamak isleýär»

Gyrgyz kanunynyň köp aýallylygy gadagan edýändigine garamazdan, erkekleriň ençemesi iki aýal bilen ýaşaýar. Oş şäheriniň kazysynyň orunbasary Isak Ýunusow şerigatda öz ýaşaýan ýurduň kanunlaryny berjaý etmegiň tabşyrylýandygyny belleýär:

«Erkek adam ikinji aýaly diňe öz ýurdunyň kanunlaryna laýyk bolan ýagdaýynda almalydyr. Şerigatda kanuna eýermek möhüm şert bolup durýar. Biz kanuna boýun bolmalydyrys. Eger kanuna laýyk bolsa, şerigata eýerip bileris» diýip, dindar aýdýar.

Din wekili şerigat boýunça, erkek adam aýalyny doly eklemäge borçludyr diýip nygtaýar. Emma biziň günlerimizde, söhbetdeşimiziň aýdyşy ýaly, aýalynyň hasabyna ýaşaýan erkekler hem bolýar. Mysal üçin, Muslimanyň äri öýünden uzakda gazanç edýän aýalynyň puluna ikinji aýalyny saklapdyr.

«Şol döwürde biz kafe ýöredýärdik. Men süýji-köke hem başga naharlary taýýarlaýardym. Ir ertirden, giç agşama çenli işläp gazanýan pulumy ýanýoldaşyma ýa-da onuň uly erkek doganyna iberdim. Adamym bolsa ikinji aýalyny alyp, Russiýa geldi. Şeýdip, biz üç bolup– men, ýanýoldaşym hem onuň ikinji aýaly bile ýaşap başladyk. “Meni razy etseň, Alla Tagala saňa jennetdi yrada eder” diýip, meni köşeşdirip, üç bolup, bile ýaşamaga ündeýärdi. Çagalarym üçin men muňa razy boldum. “Çagalaryňy ýetim galdyrasyň gelse, isläniňi et” diýdi. Çagalarym bolsa kakasyny örän gowy görýärdiler. Muňa razy bolanyma soň gaty ökündim. Bile ýaşap başlanymyzdan biraz soň, oglumy ýitirdim. Oglum heläkçilige uçrady, gark boldy. Gaýynym: "Oglany sen öldürdiň!" diýip, şol bahana bilen adamymy menden aýrylyşmaga mejbur etdi» diýip, Muslima ýatlaýar.

«Öz geçmişimi oglum bilen jaýladym»

Äriniň dönükligi, oglunyň ölümi Muslima agyr zarba bolupdyr. Oglunyň jesedini gözläp, rus morglaryna barypdyr, agyr kynçylygy başdan geçirensoň, elinde sandyrama döräp, şondan bäri elleri titreýär. Ol: «Öz geçmişimi oglum bilen jaýladym» diýýär.

«Eger şu wagta çenli eden hyzmatym kanagatlandyrmaýan bolsa, meniň bar yhlasyma jogap şu bolsa, onda bolýar diýdim. Belki, bu maňa synag üçin gelendir. Alla buýursa, bu synagdanam geçerin. Çagalarymyň hiç zada mätäçlik çekmezligi üçin, işlemegimi dowam etdirdim. Men gyzlarym üçin elimde baryny etdim. Şondan soň men adamyma we onuň uly doganyna pul bermegimi bes etdim. Häzir men Gyrgyzystanda. Kakam öz melleginden ýer bölüp, maňa jaý gurup berdi. Uly gyzymy durmuşa çykardym. Kiçi gyzym meniň bilen ýaşaýar. Oňa gowy oka diýip tabşyrýan. Dürli kurslara gatnaşýarys. Alla buýursa, gyzymy okatjak» diýip, Muslima gürrüň berýär.

Muslima BMG-niň zenanlar programmasy tarapyndan gurnalan "GALS" taslamasyna gatnaşyp, ýörite tälim aldy hem tikin maşynyny gazandy. Häzir ol öýünde oturyp işleýär, dürli egin-eşikleri, ýorgan-düşekleri tikýär. Ol bu proýektiň çagalyk arzuwyna ýetmäge-de kömek edendigini aýdýar:

«Çagakam musulman gyzlaryň uzyn ýeňli geýimini we egin-eşiklerini görkezjek bolup arzuw edýärdim, yslam dininiň nähili arassalygyny we aýallary nädip goraýandygyny görkezmek isleýärdim. Bu maksadyma ýetdim. Arzuwlarym amala aşdy. Muňa men örän begendim. Aýratynam, podiuma çykmagym ýakymly boldy» diýip gürrüň berýär.

Muslima jaýynyň otaglarynyň birini aýratyn bejerdipdir. Ol ýerde zorluga duçar bolup, kyn ýagdaýlary başdan geçiren aýallar bilen duşuşyklary gurnaýar we öz tejribesini paýlaşýar. Şeýle-de, ol “GALS” proýektinden köp zatlary öwrenendigine minnetdardygyny aýdýar:

«“GALS” programmasy bizi okatdy. Ol iş girdejilerini düşündirdi, kynçylyklary ýeňmegi öwretdi, bize bu işiň psihiki tarapyny-da öwretdiler. Bu muňa örän ýarady. Soňra biz biznes ideýalarymyzy ýazdyk. Bu ýerde bize gözleýän zatlarymyzyň ählisini berdiler, bu meniň göwnümden turdy. Indi meniň pikirimçe, az hem bolsa, aýallar kyn ýagdaýa düşenlerinde, özlerini ýitirmezligi, zorluk-sütem sebäpli saglygyna zyýan ýetirmezligi üçin, görelde bolup bilerin diýip oýlanýan. Olara özüni ýitirmez ýaly, sapak öwretmek isleýärin. Bu işi özüme maksat etdim. Olar bilen işleşmegi, öwretmegi we maslahat bermegi ýüregime düwdüm. Olaryň özüm ýaly döwülmegini we öňe gidip bilmezligini islemeýärin».

Muslimanyň aýtmagyna görä, öňki adamsy ikinji aýalyndan hem aýrylyşypdyr. Galan ykbaly belli däl.

Kanun iki aýallylygy gadagan edýär

Iki aýallygy goldaýanlar wagtal-wagtal ony kanun taýdan resmileşdirmegi öňe sürýärler. Hukuk goraýjylaryň pikirine görä, ikinji aýal bilen nika resminamasy bolmasa, aýallaryň we çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykýar. Ýurtda köp aýallylyk bilen bagly kynçylyklar sebäpli krizis merkezlerine ýüz tutýan aýallaryň köpdügini psihologlar aýdýarlar. Gyrgyzystanda ikinji aýalyň we onuň çagalarynyň mirasy barada, emläk dawalary ýüze çyksa-da, bu problema barlanylman gelýär hem statistika maglumatlary ýok.

Gyrgyzystanyň kanunyna laýyklykda, iki aýallylyk jenaýat hasaplanýar.

Köpaýallylyk meselesi jemgyýetde aç-açan gürrüň edilmeýär we bu ugurdan barlag hem geçirilmeýär. Şoňa görä-de, ýagdaýy açyk görkezjek statistika ýok. Şeýle hem Gyrgyzystanda näçe är-aýalyň resmi nikadan geçendigini we näçesiniň raýat nikasyny baglaşandygyny görkezýän takyk maglumatlary hem tapyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG