17-nji sentýabrda german kansleri Olaf Şolz Merkezi Aziýa döwletleriniň liderlerine, Germaniýa üçin bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň “strategiki maksatdygyny” aýtdy.
“Mundan öň hiç-haçan, biziň jemgyýetlerimiziň arasyndaky gatnaşyk şu derejede ýakyn bolmandy, bu dowamly özgerýär: syýasy, ykdysady we medeni taýdan” diýip, Şolz aýtdy. Ol Berliniň “bu ýagdaýlaryň dowam etmegini we özgermegini” isleýändigini hem sözüne goşdy.
German kansleri Astanada geçirilen ikinji “Merkezi Aziýa - Germaniýa” sammitinde eden çykyşynda: “Esasan hem global durnuksyzlyk ýagdaýlarynda, bize ýakyn we ynamly halkara hyzmatdaşlar zerur” diýip, belledi.
Sammitde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Germaniýanyň arasynda has ýakyn syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň gurulmagyna çagyrdy. Onuň pikiriçe, bu hili hyzmatdaşlyk sebitdäki we onuň töweregindäki ýagdaýa düýpli derejede oňyn täsir ýetirip biler.
Mundan başga-da Berdimuhamedow Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge, hususan-da deňhukukly döwlete, Milletler Bileleşiginiň agzasyna öwürmäge ýardam bermäge ünsi jemlemäge çagyrdy. 2021-nji ýylyň awgustynda “Talyban” Owganystanda häkimiýeti gaýtadan ele geçireli bäri, ol halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmän gelýär.
Şolz Merkezi Aziýa liderleri bilen ilkinji gezek 2023-nji ýylyň sentýabrynda, Russiýanyň bu sebitdäki täsirini peseltmek tagallalarynyň çäginde, Berlinde duşuşypdy.