Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ruslaryň ölülerini ýygnamak" Merkezi Aziýadan gelenleri Ukrainadaky basylyp alnan ýerlerde nädip aldawa salýarlar?


Işçiler tabytlary traktoryň tirkewi bilen Russiýanyň gözegçiligindäki Mariupol şäheriniň golaýynda ýerleşýän Köne Krym obasynyň mazarçylygyna daşaýarlar. 2023-nji ýylyň 4-nji fewraly.
Işçiler tabytlary traktoryň tirkewi bilen Russiýanyň gözegçiligindäki Mariupol şäheriniň golaýynda ýerleşýän Köne Krym obasynyň mazarçylygyna daşaýarlar. 2023-nji ýylyň 4-nji fewraly.

Merkezi Aziýadan bolan ýüzlerçe migrant Russiýanyň Ukrainadan basylyp alan territoriýalarynda işledýärler: olar garym gazýarlar, meýitleri ýygnaýarlar hem uruşdan weýran bolan jaýlary bejerýärler. Öz ýurdunyň hökümetleri olara Ukraina gitmezligi duýdurdylar, Kiýew bolsa olary basyp alyjylaryň ýardamçylary hasaplaýar.

Urmat Ukrainadaky frontuň öň hatarynda ölen rus esgerleriniň jesetlerini ýygnamak üçin, her gününe 120 dollara golaý pul tölejek rus kompaniýasy bilen işlemek barada şertnama gol çekipdir.

Hakyky adyny aýtmak islemedik Gyrgyzystandan bolan migrantyň boýun almagyna görä, şeýle iş bilen baglanyşykly howply töwekgelçiligiň bardygyna akyl ýetirýär, şonuň üçin ol bu meseläni Ukrainadan basylyp alnan uruş zolaklarynda işleýän beýleki gyrgyz migrantlary bilen ara alyp maslahatlaşypdyr.

«Olar maňa käte ok atyşlygyň aşagyna düşýändiklerini, adamlaryň öldürilýändigini aýtdylar. [Adamlar] şeýle işi çykgynsyz ýagdaýa düşeni üçin edýärler, käbirleriniň bolsa bergisi bar» diýip, Urmat Azatlygyň Gyrgyz gullugyna gürrüň berdi.

Öz hökümetleriniň ol ýere gitmezlik baradaky duýduryşlaryna garamazdan, Orsýetiň Ukrainadaky basyp alan territoriýasynda işlemek üçin, Merkezi Aziýaly ýüzlerçe migrant işe alynýar. Kiýew şeýle işçileriň rus basyp alyjylarynyň ýardamçylary hasaplanjakdygyny aýtdy.

Migrant işçileriň köpüsi Mariupol ýaly uruşdan heläk bolan şäherlerde gurluşyk meýdançalarynda işleýärler. Beýleki işler bolsa, garym gazmak hem jesetleri ýygnamak bilen baglanyşykly.

Merkezi Aziýadan gelen işçi-migrant aýallaryň birnäçesi hem Russiýanyň Ukrainadan basyp alan gündogaryndaky harby keselhanalarda, naharhanalarda we fabriklerde iş teklip edilendigini aýtdylar.

Migrantlary esasy höweslendirýän pul bolup durýar. Mysal üçin, olara Ukrainanyň rus gözegçiligi astyndaky ýerlerde gurluşyk meýdançalarynda iş teklip edilýär. Aýlyk hakynyň aýda 2000 dollardan 3300 dollara çenli boljakdygy aýdylýar. Bu bolsa Russiýada işçileriň gazanyp biljek hakyndan has ýokarydyr.

Russiýada zähmet migrantlarynyň aýlyk haklarynyň möçberi sebitden sebite has tapawutlansa-da, 7-nji martda olaryň käbiri Azatlyk Radiosyna aýda 600-1200 dollar töweregi gazanç edýändiklerini aýtdylar.

«GARA SANAWDA»

Ukrainadaky işler saýtlarda, Telegram toparlarynda we beýleki sosial ulgamlarda reklama edilýär. Täjigistandan bolan işçi Sorbon K.-nyň sözüne görä, migrantlar boş ýerler barada, öz iş tabşyryjy başlygyndan ýa-da Merkezi Aziýadan bolan ildeşleriň ýaýradýan özara gürrüňinden hem bilýärler.

Sorbon ýol işçisi hökmünde aýda 1200 dollara golaý gazanç edýändigini aýtdy. Ol öz ýaşap hem işleýän ýeri bolan Günbatar Sibirdäki Surgutda aýratyn hünäri bolmadyk möwsümleýin işçiler üçin, "iň ýokary aýlyk haklarynyň biri" diýip häsiýetlendirdi.

“Meniň şu ýerde tanaýan [Merkezi Aziýaly] migrantlaryň köpüsi Ukraina işlemäge gitmek bilen asla gyzyklanmaýar, ýöne wagtal-wagtal kimdir biriniň şol ýere gidýändigini eşidýän. Men bir täjigiň Mariupola işlemäge gidendigini bilýän, soňra garyndaşlaryny-da öz ýanyna çagyrypdyr" diýip gürrüň berdi.

Ukrainada alnyp barylýan işleriň howpsuzdygy we gowy hak tölenýändigi barada ündew edilýär. Emma Ukrainada işleýän migrantlarynyň onlarçasywada edilen aýlyk hakyny almaýandygyna nägile bolýarlar.

Russiýanyň gözegçiligi astyndaky Mariupolda weýran edilen jaýyň ýanynda işleýän ekskawator. 2022-nji ýylyň 9-njy noýabry.
Russiýanyň gözegçiligi astyndaky Mariupolda weýran edilen jaýyň ýanynda işleýän ekskawator. 2022-nji ýylyň 9-njy noýabry.

Lapykeç bolup Ukrainany terk etmäge synanyşan käbir işçilere rus serhetçileri tarapyndan Russiýa girmäge rugsat berilmändir.

Ukrainadaky rus kompaniýasynda işleýän gyrgyz raýaty serhetçileriň ony Orsýete gaýdyp geçmegine päsgel berendigini 25-nji fewralda, Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adyny aýtmak islemedik ol adamyň gürrüňine görä, kenarýaka şäheri Mariupol rus goşunlary tarapyndan basylyp alnandan biraz wagt soň, 2022-nji ýylyň maý aýynda beýleki 400 işçi bilen birlikde, ol hem Gyrgyzystanyň 20 raýaty bilen bu ýere gelipdir.

“Men Mariupola rus gurluşyk kompaniýasy bilen şertnama gol çekenimden soň geldim, soňra bu ýerde 8 aýdan gowrak işledim. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda, Ukrainadan gitmek kararyna geldim, emma rus serhetçileri meni ýene yzyma – Russiýa goýbermediler. Meniň adymyň gara sanawdadygyny aýtdylar. Onuň nämedigi barada mende düşünje ýok» diýip, ol Ukrainanyň gündogaryndan telefon arkaly Azatlygyň Gyrgyz gullugyna aýtdy.

Ol adamyň maglumatyny barlamaga Azatlygyň mümkinçiligi ýok. Moskwadaky gyrgyz diplomatlary ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny aýtdylar.

Russiýa onlarça ýyl bäri işsizligiň ýokary bolmagyndan ejir çekýän öňki sowet respublikalary – Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan bolan millionlarça işçi-migrantlary kabul edýän ýurtdur.

«BU ÝENE BIR IŞ»

Orsýetiň kompaniýalary Merkezi Aziýadan bolup, rus türmelerinde oturan tussag aýallara ýüz tutup, Ukrainada pully iş teklip edýärler we jenaýat işleriniň ýatyryljakdygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäheriniň ýaşaýjysy Tilekmat-ata 31 ýaşly gyzynyň Russiýada neşe söwdasynda aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy. Ol adam hünäri boýunça şepagat uýasy bolan gyzynyň Ukrainadaky işe aldanmagyndan howatyr edýär. Ýaňy-ýakynda ol kakasyndan, lukmançylyk okuw jaýynyň beren diplomyny ibermegi haýyş edipdir.

"Men oňa hiç bir dokument iberjek bolamok. Oňa aýda 1200 dollara golaý aýlyk haky wada beripdirler. Ruslar türmelerden lukmanlary çekmäge synanyşýana meňzeýär” diýip, Tilekmat-ata Azatlygyň Gyrgyz gullugyna aýtdy.

Tilekmat-ata gyzynyň "häzirki bolýan ýerinde galmalydygyny" we galan hökümini Ukraina gitmän, türmede oturmalydygyny öňe sürýär.

Täjigistanyň demirgazygynda ýerleşýän Sogd welaýatynyň öňki matematika mugallymasy Hosiýat Safarmatowa soňky on ýylyň köpräginde, Merkezi Aziýadan bolan migrantlaryň on müňlerçesi üçin meşhur ýer saýylýan Orsýetiň Týumen oblastynda ýaşady.

Safarmatowa öz töwereginde ona golaý täjigiň we özbegiň Orsýetiň basyp alan ukrain şäherlerine gidip işleýändigi ýa-da "ol ýere gitmek barada oýlanýandygy" barada bilýändigini aýdýar.

"Meni haýran galdyrýan zat, olaryň köpüsi Ukrainada işe gitmegiň dogrudygy ýa-da nädogrudygy barada oýlanmaýarlar. Bu olar üçin ýene bir iş ýaly görünýär” diýip, ol aýdýar.

Köp sanly ruslar ýaly Russiýada ýaşaýan migrantlaryň hem aglabasy Moskwanyň uruş barada aýdýanlaryna ynanýarlar we urşuň dowam etmeginde, Ukrainany we Günbatar ýurtlaryny günäleýärler.

Hosiýat Safarmatowa sözüni dowam edip, ýene şeýle diýdi: «Käbir adamlar Ukraina gitmek barada oýlansalar-da, ahyrky netijede muny ahlaksyzlyk ýa-da nädogry hasaplaýandyklary üçin däl, eýsem [dürli] howplar sebäpli ondan boýun gaçyrdylar».

Makala Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň neşirleri esasynda taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG