Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tok, suw yzygiderli kesilýär, gündelik durmuş bökdelýär - Türkmenbaşy


Bezeg suraty. Türkmenistan.
Bezeg suraty. Türkmenistan.

Geçen hepdede Türkmenbaşy şäheriniň birnäçe etrapçasynda elektrik energiýasynyň hem-de hojalyk suwlarynyň üpjünçiliginde yzygiderli bökdençlik ýüze çykdy, häkimiýetler dessin çözgüt hödürläp bilmedi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

“Akdaş we Aeroport etrapçalarynda bir hepdäniň dowamynda birnäçe sagatlap, yzygiderli görnüşde tok we suw kesildi, bulardan başga-da, ýene dört etrapçada tok bölekleýin kesildi. Şäher merkezinde her gün azyndan 2 sagada çenli elektrik energiýasynyň üpjün edilmeýän halatlary boldy” diýip, sebit ýaşaýjylary aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy günbatar Balkan welaýatynda, Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde hojalyk hyzmatlarynyň ýaramaz üpjünçiligi, bu şäherde elektrik energiýasynyň hem-de hojalyk suwlarynyň üpjünçiliginde hasaba alynýan bökdençlikler barada yzygiderli habar berýär.

Şäher ýaşaýjylary özleriniň dowamly duçar galýan üpjünçilik meselelerine ýerli häkimiýetler tarapyndan degişli çözgütleriň hödürlenilmeýändigini aýdýarlar.

“Käbir şäher ýaşaýjylary geçen hepdäniň arz-şikaýat bildirip, şäher häkiminiň orunbasarlarynyň birine ýüz tutdular. Ol meseläni çözmäge derek, gaýtam, sesine bat berip, adamlaryň üstüne haýbat atdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylary sitirleýär.

Bu duşuşyk geçen hepdäniň anna güni, 4-nji oktýabrda bolup geçipdir.

Häkimlik resmisine görä, şäheriň elektrik torlarynda soňky wagtlarda has köp awariýalar bolup geçýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy yzygiderli elektrik kesilmeleriniň ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýändigini habar berýär.

Giň gerime eýe bolýan üpjünçilik problemalary durmuş desgalarynyň işine ýaramaz täsir edýär, galyberse-de bank we maliýe ulgamlary, şeýle-de söwda we senagat ulgamlary hem elektrik üpjünçiliginde ýüze çykýan yzygiderli bökdençliklerden ejir çekýär.

“Elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesilende ýangyç guýujy beketleriň işi togtaýar; döwlet edaralarynda, häkimliklerde we banklarda elektrik energiýasy bilen işleýän ulgamlar öçýär; bazarlarda we söwda dükanlarynda et we süýt önümleri, balyklar zaýalanyp başlaýar” diýip, bir şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Hojalyk suwlarynyň üpjünçiliginde emele gelýän bökdençligiň arasynda, ýerli ýaşaýjylar özleriniň plasmas gaplarda suw satyn alyp, olardan arassaçylyk maksatly peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

“Bäş litr plasmas gaplardaky suwy 15 manada satyn alýarys. Bu gaty gymmada düşýär. Köp gatly binalarda hojalyk suwlaryna niýetläp, özbaşdak howuzlary gurmaga-da mümkinçilik ýok. Türkmenbaşy şäherinde ýurduň beýleki käbir sebitlerinde bolşy ýaly suw kanallary, akar ýaplar, suw akabalary hem ýok” diýip, şäher ýaşaýjylary aýdýar.

Türkmenistan soňky ençeme ýyllardan bäri hojalyk we ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligini başdan geçirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan şäher we oba ýaşaýjylary özleriniň suw zerurlyklarynyň kadaly kanagatlandyrylmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda döwlet häkimiýeti ilaty iň esasy zerurlyklaryň biri bolan arassa agyz suwy bilen ilkinji nobatda üpjün etmegiň kepilliklerini öz üstüne alýar.

Ýurduň şäher ýerlerinde merkezleşdirilen suw desgalaryndan peýdalanylýar. Etraplar we obalar merkezleşdirilmedik, ýa-da özbaşdak desgalardan, ýerasty suwlardan, guýulardan we suw howdanlaryndan peýdalanýarlar.

Günbatar Türkmenistanda elektrik kesilmeleriniň ýygjamlaşmagy bu sebitiň halkalaýyn elektrik toruna baglanmagyndan üç aý soňra bolup geçýär.

Ýatlasak, iýun aýynda Daşoguz welaýatynda täze elektroenergetika desgalarynyň işine badalga berlip, Balkan – Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisi işe girizildi.

Türkmenistan soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň energiýa ulgamlaryny özara birleşdirmek tagallalaryny güýçlendirdi. Munuň bilen baglylykda, sebitleriň arasynda iri asma geçirijiler gurlup, ulanylmaga berilýär.

Mundan ozal, 2021-nji ýylda Ahal – Balkan, 2023-nji ýylda Mary – Ahal asma elektrik geçirijileri işe girizildi. Muňa garamazdan, esasan sowet ýyllarynda ulanylmaga berlen elektrik üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanylýan ýurduň dürli sebitlerinde tok yzygiderli kesilýär.

Azatlyk Radiosy geçen hepdäniň dowamynda Türkmenbaşy şäherinde elektrik energiýasynyň hem-de hojalyk suwlarynyň üpjünçiliginde ýüze çykan bökdençlikler boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG