Mary welaýatynyň merkezi şäherinde häkimiýetler hususy eýeçilikdäki awtoulag satylýan duralgalary duýdansyz we köpçülikleýin häsiýetde ýapyp başlady.
Häkimiýet wekilleri bu çäreleriniň sebäplerine resmi düşündiriş bermeýän mahaly, raýatlardan ulaglaryny şäheriň çetinde ýerleşýän täze bazardaky duralgada satuwa çykarmagy soraýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji iýunda sebitden maglumat berdi.
“Hususy marketleriň, dükanlaryň, toý zallarynyň howlusyndan, uly ýollaryň gyrasyndan boş ýer böleklerini satyn alyp, awtoulag satylýan duralga eden adamlardan satlyga goýlan awtoulaglary iki-üç sagadyň dowamynda gyssagly aýyrmak talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Häkimlik we polisiýa işgärleri bu işlerine şu hepdäniň duşenbe güni, ýagny 10-njy iýunda girişip, gyssagly aýrylmadyk ulaglaryň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň “jerime duralgasyna” äkidiljekdigini hem duýdurýarlar.
“Olar jerime duralgasyna satlyk awtoulag düşen ýagdaýynda adaty awtoulaglar bilen deň tutulmajakdygyny, satlyk ulaglara has köp möçberde jerime salynjakdygyny hem aýtdylar” diýip, ulagyny satlyga goýan marylylaryň biri şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, häkimlik we polisiýa işgärleri bu ulaglaryň we duralgalaryň eýeleriniň polisiýanyň talabyna boýun gaçyrmakda aýyplanyp, olaryň işiniň kazyýete we prokuratura geçiriljekdigini hem duýdurdylar.
Duralga eýeleriniň birnäçesi özleriniň işine 10 ýyla golaý wagt bäri hiç hili çäklendirme girizilmändigini aýdyp, häkimlik we polisiýa işgärlerinden çäklendirmäniň sebäplerini sorandyklaryny belleýär.
“Olar hiç hili düşündiriş bermezden, diňe “bolanokmy bolanok” diýip jogap berýärler we ulaglary berk üstünde durup aýyrdýarlar. Biz her ulag üçin 2-3 manat alyp, eklenç edýärdik. Indi mundan hem mahrum edýärler” diýip, duralga eýeleriniň biri anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlygyň sebitiň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesiniň aýtmagyna görä, bu çäreleriň sebäbi 9-njy iýundan 10-na geçilen gije bolan hadysa bilen baglanyşykly.
“Şol gije sagat 2 töwereginde üç sany okuwçy oglan duralgalaryň birinde satlyga goýlan “Toyota Camry” kysymly ulagy alyp gaçyp, ýol heläkçiligine uçraýar we oglanlardan ikisi wakanyň bolan ýerinde jan berýär. 10-njy klasy tamamlap, sentýabrda 11-nji klasa başlamaly beýleki oglan häzir hassahananyň reanimasiýa bölüminde ýatyr. Şol wakadan soň, duralgalary ýapmak we satlyga goýlan ulaglary alyp gaçyp sürmegiň öňüni almak çäreleri güýçlendirildi” diýip, çeşmämiz belledi.
Şol bir wagtda, duralgalaryň eýeleriniň we awtoulag satýan marylylaryň birnäçesi häkimiýetleriň bu çäreleriniň şäheriň çetinde ýerleşýän täze bazardaky duralga müşderi çekip, döwlet gaznasyna girýän girdejini artdyrmak tagallalary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Hemme satlyk ulaglary Mary-Aşgabat ýolunyň ugrundaky täze “Altyn asyr” bazarynyň awtoulag satylýan duralgasyna jemlejek bolýarlar. Emma ol bazar daşda ýerleşýär we oňa barýan adam gaty az. Şeýle-de, onuň töleg nyrhy hem gymmat. Biziň bu tölegi bermäge ýagdaýymyz ýok. Häkimiýetler hususy duralgalary ýapyp, bizden has ýokary töleg alyp, öz girdejilerini artdyrjak bolýar” diýip, ulagyny satlyga goýan marylylaryň biri belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Mary şäher häkimliginden we polisiýa bölüminden resmi teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa häkimiýetleriň bu çäreleri netijesinde sebitde öz işini bes etmäge mejbur bolan duralgalaryň umumy sanyny hem häzirlikçe anyklap bilmedi.
Resmi medianyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär. Häkimiýetler telekeçiligi “Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji” atlandyryp, ýurtda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmäge uly goldaw berilýändigini tekrarlaýar. Bu barada soňky gezek 11-nji iýunda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi” atly halkara ylmy maslahatda bellenildi.
Muňa garamazdan, soňky iki onýyllygyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde, şol sanda paýtagtda hususy iş ýerleriň, şol sanda dükanlaryň, kafe-barlaryň we restoranlaryň, awtoýuwalgalaryň müňlerçesi köpçülikleýin häsiýetde ýapyldy.
Türkmenistanyň resmi media serişdeleri Maryda hususy duralgalaryň köpçülikleýin häsiýetde ýapylmagy barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum