Ýerewanly protestçiler Belarusyň bu ýurtdaky ilçihanasyna ýumurtga we beýleki önümler bilen hüjüm edip, awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň Ermenistanyň günbatar ugruna geçmegi barada aýdan sözleri sebäpli Minsk bilen aradaky diplomatik gatnaşyklaryň kesilmegini talap etdiler.
21-nji awgustda guralan protestler Lukaşenkanyň Russiýanyň döwlet telewideniýesine beren interwýusynyň yz ýanyna gabat geldi. Belarus dolandyryjysy, Ýerewan bilen Moskwanyň arasynda dörän dartgynly gatnaşyklaryň arasynda, Ermenistanyň häzir Günbatar ýurtlary bilen gurýan diplomatik dostlugyny berk tankyt etdi.
"Ermeniler kime gerek? Hiç kim olara mätäç däl. Goý, olar öz ykdysadyýetini ösdürsin, öz serişdelerine daýansyn. Fransiýa näme? [Fransiýanyň prezidenti Emmanuel] Makron kim? Ertirki gün, Makron gideninden soň, ermenileri hemmeler unudar” diýip, Lukaşenka efire berlen söhbetdeşlikde aýtdy.
Belarusyň Ýerewandaky ilçihanasynyň öňünde 21-nji awgustda geçirilen protest Günbatara tarapdar Respublika partiýasy tarapyndan gurnaldy.
Protestçileriň arasynda partiýa lideri Arman Babajanian hem bardy.