Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwanda peýjerleriň partlamagy netijesinde 9 adam öldi, müňlerçesi ýaralandy – ministr


Liwanda peýjerleriň birden ýarylmagy netijesinde şikes alanlar Beýrutyň keselhanasyna eltilýär. 17-nji sentýabr
Liwanda peýjerleriň birden ýarylmagy netijesinde şikes alanlar Beýrutyň keselhanasyna eltilýär. 17-nji sentýabr

Liwanda peýjerleriň birdenkä partlamagy netijesinde azyndan dokuz adam öldi, başga-da 2 müň 750-ä golaýy ýaralandy diýip, 17-nji sentýabrda ýurduň saglyk ministri mälim etdi.

Mundan öň, Eýran tarapyndan goldanylýan Hizballah jeňçi topary “syrly” diýip häsiýetlendiren partlamalarda heläk bolanlaryň arasynda, özüniň iki agzasynyň we bir gyzyň bolandygyny aýtdy.

Saglyk ministri Firass Abiad şikes alan 200 adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Eýranyň mediasy ýaralananlaryň arasynda Eýranyň Beýrutdaky ilçisiniň hem bardygyny habar berdi.

Liwanyň maglumat ministri Ziad Makary peýjerleriň partlamagyny ýazgardy we muny “Ysraýylyň agressiýasy” diýip, häsiýetlendirdi.

Hizballah munuň üçin Ysraýyla “adalatly jeza” diýip häsiýetlendiren çäräniň görüljekdigini aýtdy.

Liwanyň Daşary işler ministrligi muny “Ysraýylyň kiber-hüjümi” diýip atlandyrdy, şeýle-de käbir peýjerleriň Siriýada ýarylandygyny belledi. Ministrlik munuň bilen bagly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine şikaýat taýýarlaýandygyny hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG