Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwanda partlamalaryň ikinji tolkunynda azyndan 14 adam öldi


Partlamalaryň azyndan biri mundan bir gün öň müňlerçe peýjeriň birdenkä ýarylmagy netijesinde heläk bolan adamlaryň jaýlanyş mirasymy wagty boldy
Partlamalaryň azyndan biri mundan bir gün öň müňlerçe peýjeriň birdenkä ýarylmagy netijesinde heläk bolan adamlaryň jaýlanyş mirasymy wagty boldy

Liwanda elektronik enjamlarynyň partlamagynyň ikinji tolkunynda 14 adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýaralandy diýip, 18-nji sentýabrda ýurduň resmileri habar berdi. Soňky özgerişlikler sebitde giň gerimli urşuň turmak howatyrlaryny artdyrdy.

Howpsuzlyk çeşmeleriniň we şaýatlaryň aýtmagyna görä, ABŞ tarapyndan terroristiki gurama hökmünde ykrar edilen Hizballahyň Beýrutdaky berkitmesindäki agzalary tarapyndan ulanylýan rasiýalar ýarylypdyr.

Döwlet mediasy şular ýaly partlamalaryň ýurduň günorta we gündogar sebitlerinde hem bolandygyny habar berdi.

Partlamalaryň azyndan biri mundan bir gün öň müňlerçe peýjeriň birdenkä ýarylmagy netijesinde heläk bolan adamlaryň jaýlanyş mirasymy wagty boldy. Peýjerleriň ýarylmagy netijesinde 12 adam öldi, 2 müň 700-e golaýy, şol sanda Hizballahyň söweşijileri ýaralandy.

XS
SM
MD
LG