Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply telekeçiler ýanwaryň “krizis aýy” bolandygyny aýdýar


Azatlyk Radiosynyň bazara aýlanyň gören habarçysy uzyn hatarlaryň her birinde üç-dört alyjynyň aýlanyp ýörendigini görse bolýandygyny aýdýar. (Arhiw suraty)
Azatlyk Radiosynyň bazara aýlanyň gören habarçysy uzyn hatarlaryň her birinde üç-dört alyjynyň aýlanyp ýörendigini görse bolýandygyny aýdýar. (Arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň iň gelim-gidimli bazarlarynyň biri bolan “Gök” bazarda soňky hepdelerde günler alyjylaryň sany göz-görtele azaldy. Telekeçiler täze ýylyň ilkinji aýynda söwdanyň aşa pes bolandygyndan şikaýat edýärler. Olar fewralda söwdanyň janlanmagyna umyt baglaýandyklaryny, ýogsa telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny belleýärler.

Bazara aýlanyp gören habarçymyz onda azyk dükanlaryndan we tekjelerinden başga, 50-ä golaý egin-eşik satylýan, 10-a golaý senagat harytlary, şol sanda sabyn we şampun satylýan hem-de 10-a golaý dürli harytlary satýan dükanlaryň bardygyny aýdýar.

“Bu dükanlaryň ýerleşýän uzyn hatarlarynyň her birinde üç-dört alyjynyň aýlanyp ýörendigini görse bolýar. Azyk harytlaryny satýan tekjeleriň ýerleşýän ýerinde hem alyjy juda az” diýip, habarçymyz 1-nji fewralda maglumat berdi.

Bazardaky telekeçileriň ençemesi ýanwaryň “krizis aýy” bolandygyny aýdyp, hususan-da, egin-eşik söwdasynyň juda pes bolandygyny belleýär.

“Uzakly gün açyk durup, ýöne ýekeje haryt hem satyp bilmedik dükan eýeleri juda köp. Käbir dükanlarda bolsa, günüň dowamynda bir eşik satyldy. Bu eşikden galan peýda dükanyň aýlyk 2 müň manat bolan arenda puluny tölemäge hem ýetmeýär” diýip, bazardaky telekeçileriň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, ýanwaryň ikinji ýarymynda 70 töweregi dükandan 30-a golaýy hepdede bir ýa-da iki gün açyldy, galan günleri ýapyk boldy.

“Telekeçiler söwda bolmansoň, dükanlaryny açmadylar” diýip, bazardaky başga bir telekeçi anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bazarda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy we onuň sebäpleri barada söwda nokadynyň administrasiýasyndan, ýerli söwda resmilerinden kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne telekeçileriň ençemesi munuň iki sebäbiniň bardygyny aýdýar. Birinjiden, ýurtda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, ilatyň satyn alyjylyk ukyby pese gaçýar.

“Ikinjiden, dekabrda iki aýlygyny birden alyp, onuň aglaba bölegini Täze ýyly bellemäge harçlan ilatda söwda etmäge puly galmady” diýip, lebaply telekeçi belledi.

Telekeçiler fewralda söwdanyň janlanmagyna umyt baglaýandyklaryny, ýogsa telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny hem aýdýarlar.

“Söwda janlanmasa, köpümiz telekeçilik işimizi bes etmäge mejbur bolarys” diýip, telekeçi sözüne goşdy.

Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary bazarlarda alyjylaryň göz-görtele azalýandygy barada soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdiler. Ýöne olar soňky bir ýyla golaý wagt bäri ýagdaýyň has-da ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

Habarçylarymyz geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň iň gelim-gidimli bazarlarynyň biri bolan Teke bazarda, iýul aýynda Lebabyň bazarlarynda alyjylaryň sanynyň göz-görtele azalandygy barada habar berdiler.

Bu wakalar, bazarlardan tapawutlylykda, döwlet dükanlarynda nobatlaryň yzynyň üzülmeýän, esasan ilata arzan bahadan satylýan un we çöregiň üstünde basa-baslyklaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýan mahalyna gabat gelýär.

Türkmen häkimiýetleri zähmet haklarynyň her ýyl 10% köpeldilýändigini we bu karara ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekilýändigini aýdýarlar. Ýöne resmiler her ýyl durmuşyň, harytlaryň näçe gymmatlandygy, manadyň hümmeti we infilýasiýanyň derejesi baradaky anyk maglumatlary aýtmaýarlar.

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler köpçülik ýerlerinde agyr ykdysady şertlere aç-açan nägilelik bildirýän raýatlary ýüze çykarmak işlerini güýçlendirýärler. Şu hepdäniň başynda Aşgabatdaky habarçylarymyz Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň anyklanan raýatlary tussag edýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG