Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki lukmançylyk edaralarynyň birnäçesinde mugallymlaryň uly nobatlary emele geldi. Muňa zähmet rugsadyndan gelen mugallymlardan bir günüň dowamynda saglyk barlaglaryndan geçmek barada häkimiýetler tarapyndan edilýän talap sebäp bolýar. Mugallymlar bu talaby "bilim işgärlerinden para almagyň nobatdaky tapgyry" atlandyrýarlar.
“Şu günler orta mekdepleriň mugallymlarynyň aglabasy zähmet rugsadyny tamamlap gelende, olardan işiň ilkinji gününde sanitar-gigiýenik bölüminde, deri-wenerologiýa keselhanasynda we içekesel dispanserinde barlagdan geçmek talap edilýär. Munuň bilen bagly, bu edaralaryň her birinde onlarça mugallym nobata durýar” diýip, türkmenabatly mugallym anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenabadyň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 5-nji, 12-nji,14-nji,15-nji, 20-nji, 27-nji, 31-nji, 32-nji, 33-nji, 39-njy we 41-nji mekdepleriniň, Çärjew etrabynyň 22-nji we 31-nji mekdepleriniň, Dänew etrabynyň 2-nji mekdebiniň mugallymlary uly nobatlar zerarly barlaglardan bir günüň dowamynda geçmegiň mümkin däldigini aýdýarlar.
“Şäheriň içinde 40-dan artyk mekdep bar. Käbir mekdeplerde mugallymlaryň sany 100-den aşýar. Saglyk edaralarynyň barlaghanalarynyň bir günüň dowamynda şäheriň ähli mugallymlaryny barlamaklyga mümkinçilikleri ýok” diýip, başga bir türkmenabatly mugallym anonim şertde aýtdy.
Ol mugallymlardan diňe zähmet rugsadyndan gelenden soň saglyk barlaglaryndan geçmegiň talap edilýändigini, ondan ozalky barlaglaryň kabul edilmeýändigini hem nygtady.
Bellesek, adatça Türkmenistanyň orta mekdeplerinde mugallymlaryň aglabasyndan zähmet rugsadyna tomusky dynç alyş günlerinde, hususan-da, iýul aýynyň dowamynda çykmak talap edilýär.
“Beýleki bir tarapdan, barlagdan geçmedik ýagdaýyňda işe başlamana rugsat berilmeýär we täze okuw ýyly başlanýança barlagdan geçmedik ýagdaýyňda, saňa jerime salynýar” diýip, lebaply mugallym aýtdy.
Mugallymlar bu talabyň töweregindäki düzgünleriň hakykata gabat gelmeýändigini, munuň özlerinden para almagyň nobatdaky tapgyrydygyny we täze okuw ýylyna taýynlyk döwrüniň para bermek bilen başlanandygyny aýdýarlar.
“Nobata uçramazlyk üçin daňdan sagat 8-de içekesel dispanserine gitdim. Emma ilki bilen, töleg üçin gaznanyň öňünde duran nobata uçradym, ondan soňra flurografiýa üçin nobata uçradym, şeýdip bir günüm geçdi. Mekdep müdirine 20 manat para berip, ertesi beýleki iki saglyk edarasynyň her birine 100 manat möçberinde para berip, işimi bitirmäge mejbur boldum” diýip, dänewli mugallym anonim şertde aýtdy.
Mugallymlar barlaglardan geçmek üçin para bermek tejribesiniň geçen ýyllarda hem bolandygyny, ýöne onuň möçberiniň bu ýyl iki esse ýokarlanandygyny hem belleýärler.
“Öňki ýyllarda her barlag üçin 50 manatdan artyk para bermezdik. Bu ýyl 100 manady hem az görýärler” diýip, lebaply mugallym gürrüň berdi.
Şu ýyl Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, şäheriň mekdepleriniň birine ýaş hünärmen hökmünde işe ugradylan mugallym anonim şertde beren maglumatynda saglyk barlaglaryndan geçmek üçin 400 manat para bermeli bolandygyny aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň bilim we saglyk bölümlerinden, şeýle-de gürrüňi edilen lukmançylyk edaralaryndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda para almak we bermek tejribesiniň durmuşyň ähli pudagyna ýaýrandygy barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.
Geçen aýyň ahyrynda bolsa, lebaply mugallymlar tomusky dynç alyş günlerinde özlerine amatly wagtda zähmet rugsadyna çykmak üçin, müdirlere bikanun pul bermäge mejbur bolýandygyny gürrüň berdiler. Zähmet rugsadyny tassyklatmagyň bahasynyň käbir mekdeplerde 400 manada çenli çykyp bilýändigini, mugallymlar aýtdylar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.
“Transparency International” guramasynyň şu ýylyň 30-njy ýanwarynda çap eden soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum