Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde gazak aktiwistini atmakda güman edilýän iki gazak gözlenýär


Aýdos Sadykow
Aýdos Sadykow

Ukrainanyň milli polisiýasy 21-nji iýunda hepde başynda Kiýewde tüpeňlenen gazak oppozisiýa aktiwistiniň, žurnalist Aýdos Sadykowyň janyna kast etmek synanyşygynyň iki sany gazak raýatyndan görülýändigini aýtdy.

Milli polisiýanyň maglumatyna görä, güman edilýän hüjümçiler 1988-nji ýylda doglan Altaý Žakanbaýew we 1991-nji ýylda doglan Meýram Karataýew diýlip atlandyryldy. Güman edilýänler halkara derejesinde gözlenýän adamlaryň sanawyna goşuldy we Kiýew kazyýeti olary tussag etmek kararyny çykardy.

Derňewçileriň beýanatynda Žakanbaýew bilen Karataýewiň Ukraina 2-nji iýunda, Polşadan gelendigi aýdylýar. Olar Kiýewde bir kwartirany kärendesine alyp, awtoulag satyn alanlaryndan soň, Sadykowyň gündelik hereketlerine gözegçilik edipdirler.

"Güman edilýänleriň biri 18-nji iýunda [Sadykowyň] awtoulagynyň golaýyna gelip, ony tüpeňledi, onuň egindeşi bolsa, binanyň golaýynda bu ýagdaýa gözegçilik etdi. Şondan soň olar jenaýatyň bolan ýerinden gaçdylar" diýip, beýanatda olaryň Ukraina-Moldowa serhedinden geçip, Ukrainanyň çäginden çykandygy aýdylýar.

Sadykowyň janyna kast etmek synanyşygyny kimiň buýrandygyny anyklamak üçin derňew geçirilýär diýip, habarda aýdylýar.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de onuň hökümetini aç-açan tankytlan Sadykow häzir agyr ýagdaýdaky hassalaryň bölüminde bejergi alýar.

Hüjüm wagtynda onuň ýanynda, ulagda bolan aýaly Natalýa Sadykowa şikes ýetmedi.

Sadykowa 19-njy iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu hüjümiň "professionallar", ýagny bu ugurdan tälim alan tejribeli adamlar tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Sadykowa hüjümden birnäçe sagat öň adamsy bilen öz YouTube kanallarynda “Tokaýew Putiniň gurjagy” diýlip atlandyrylan täze wideony çap edendiklerini aýtdy.

Wideoda Tokaýewiň "Rusparaz syýasatlary" tankyt edilýär we rus oligarhlarynyň we täsir agentleriniň Gazagystanda alyp barýan işlerine göz gezidirilýär. Bu adamlaryň käbiri Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraindaa alyp barýan urşuna başlanyndan soň gazak raýatlygyny alypdyr.

Ol bu atyşykdan esasy bähbit tapjak adamyň Tokaýew bolup görünýändigini, sebäbi onuň "Gazagystany oppozisiýadan doly arassalandygyny” öňe sürdi.

Emma muňa garamazdan, ol prezidentiň bu atyşyk bilen ol ýa-da beýleki görnüşde baglanyşyklydygyny görkezýän hiç bir subutnama görkezmedi.

Tokaýew 19-njy iýunda bu mesele boýunça Ukraina diplomatik kanallar arkaly soraglaryny iberendigini we Gazagystanyň "hakykaty tapmaga kömek etmek üçin" islendik derňew işine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Sadykowlar 2014-nji ýylda, çagalary bilen bilelikde, gazak häkimiýetleri şol wagt garaşsyz “Respublika” gazetinde žurnalist bolup işleýän Natalýa garşy kazyýet işini açanlaryndan soň, Kiýewe göçüpdiler. Ol töhmet atmakda aýyplanypdyr.

Sadykow 2010-njy ýyla çenli Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe sebitinde, öz dogduk şäherinde oppozisiýadaky Azat Sosial demokratik partiýanyň ýerli bölümine ýolbaşçylyk edipdi.

Soň ol Hytaýyň eýeçiligindäki CNPC-Aktobemunaygaz nebit kompaniýasynda gazak işçileriniň hukuklaryny goraýan kärdeşler arkalaşygyny döretmekde esasy güýç bolan topara ýolbaşçylyk etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG