Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kikliň aşa-sagçy partiýasy Awstriýanyň saýlawlarynda taryhy ýeňiş gazandy


Azatlyk Partiýasynyň lideri Herbert Kikl 29-njy sentýabrda Wenada goldawçylaryna ýüzlenýär.
Azatlyk Partiýasynyň lideri Herbert Kikl 29-njy sentýabrda Wenada goldawçylaryna ýüzlenýär.

Awstriýanyň milli saýlawlarynda migrantlara garşy çykyş edýän Azatlyk Partiýasy ses berişligiň netijeleri boýunça öňdeligi eýeledi. Bu Ýewropada aşa-sagçylaryň barha köp goldaw tapýandygyna taryhy yşarat boldy. Şol bir wagtda, esasy partiýalaryň ony hökümetden çetde saklamak tagallalarynyň çäginde, Azatlyk Partiýasy oppozisiýada galyp biler.

Saýlawlaryň netijeleri boýunça Azatlyk Partiýasy sesleriň 29%-ni aldy. Bu görkeziji premýer-ministr Karl Nehammeriň häkimiýet başyndaky Halk Partiýasynyň alan seslerinden tas 3% ýokardyr, bu partiýa sesleriň 26.5%-ni aldy. Oppozisiýadaky Sosial-Demokratlar bolsa sesleriň 21%-ni eýeledi.

“Meniň pikirimçe, häzir üýtgeşikleriň wagty. Men özümi has milletçi alyp barmak isleýärin” diýip, Wenada bir jemagat işçisi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Emma koalisiýa gepleşikleriniň hepdelere, belki-de aýlara çekip biljekdigine garaşylýar. Esasy partiýalaryň aglabasy Azatlyk Partiýasyndan çetde durmaga wada berdiler. Bu partiýa Ikinji Jahan urşundan bäri Awstriýada ýeňiş gazanan ilkinji aşa-sagçy partiýa boldy.

Nehammer Azatlyk Partiýasynyň lideri Herbert Kikli hökümetiň düzümine goşmajakdygyny söz berdi, emma şol bir wagtda, partiýa bilen utgaşykda dolandyrmak mümkinçiligini aradan aýyrmady.

Awstriýanyň prezidenti, Ýaşyllar partiýasynyň ozalky agzasy Aleksandr Fan der Bellen jemgyýetçiligiň öňünde Azatlyk Partiýasy baradaky aladalaryny äşgär edipdi. Ol indiki hökümeti gurmak mandatyny kepillendirýär.

Azatlyk Partiýasynyň tankytçylary ony çydamsyzlykda, anti-Semitizmde we Russiýa tarapdar bolmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG