Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“KazakGaz” TOPH gaz geçiriji taslamasyna goşulmak barada gepleşýär – Gazak ministrligi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gazagystanyň Energetika ministrliginiň "Interfaks" habar gullugyna aýtmagyna görä, KazaKGaz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak taslamasyna goşulmak üçin gepleşik geçirýär.

"KazakGaz” bilen [Türkmenistanyň] döwlet kompaniýasy "Türkmengazyň"arasynda gepleşik geçirilýär. Gepleşiklere gatnaşyjylaryň üçünji taraplara maglumat bermek rugsadynyň bolmazlygy sebäpli şundan başga jikme-jiklikler berilmez" diýip, ministrlik aýtdy.

Gazagystanyň energetika ministriniň orunbasary Ýerlan Akkenžanow Gazagystanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak üçin gepleşik geçirýändigini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda, Almatyda geçirilen Gazagystan-Owganystan işewür forumynda aýtdy.

"Eger gazak kompaniýasy goşulsa, bu iki ýurduň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döreder" diýip, ol aýtdy.

Bu geçirijiniň umumy bahasy 10 milliard dollar diýlip hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG