Türkmenistandan we Özbegistandan Hytaýa akdyrylýan gazyň Gazagystan üstaşyr tranzitiniň mukdarynyň 2024-nji ýylda 37,1 milliard kub metre çenli artmagyna garaşylýar. Bu barada Gazagystanyň energiýa ministri Almasadam Satkaliýew sişenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda aýtdy.
"Türkmen we Özbek gazynyň Hytaýa tranziti yzygiderli ösýär. Bu ýyl gazyň tranzitiniň 37,1 milliard kub metre ýetmegine ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,5 milliard kub metr artmagyna garaşylýar"- diýip, Interfaks agentligi gazak resmisini sitirledi.
Gaz eksporty Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesi bolup, Hytaý türkmen gazynyň iň uly hyrydarydyr.