Adam hukuklary boýunça düýbi Wenada ýerleşýän “Ýewraziýa Azatlyk” topary özbek resmilerine ýüzlenip, tussaglykdaky garagalpak aktiwisti Döwletmurat Täjimuradowyň, ozalky döwlet işgärleri üçin niýetlenen, degişlilikdäki pes ýowuz şertli düzediş merkezine geçirilmegini sorady. Hukuk topary aktiwistiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, bu çagyryş bilen ýüz tutandygyny belledi.
6-njy awgustda “Ýewraziýa Azatlyk” topary Täjimuradowyň dürli ýyllarda Özbegistanyň Garagalpak awtonom respublikasynda döwlet wezipelerinde işländigini, şol sebäpli-de onuň tussaglyk möhletini bu görnüşli düzediş merkezlerinde geçirmäge degişlidigini nygtady.
Täjimuradow 2022-nji ýylda Garagalpagystanda bolan hökümete garşy köpçülikleýin protestlerdäki roly üçin, 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Mundan öň, “Ýewraziýa Azatlyk” topary şol tolgunşyklarda azyndan 70 adamyň öldürilendigini aýdypdy.