Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar gyrgyz žurnalistleri üçin soralýan agyr jezany ýazgarýarlar


“Temirov Live” derňewçi toparynyň öňki we häzirki žurnalistleri
“Temirov Live” derňewçi toparynyň öňki we häzirki žurnalistleri

Gyrgyzystanyň prokurorlary Bişkegiň sudundan “Temirov Live” derňewçi toparynyň öňki we häzirki 11 žurnalistiniň her birine alty ýyl türme tussaglygynyň berilmegini soradylar. Žurnalistler we hukuk toparlary aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, bulary ret edýärler.

Sülçi Adilet Ubukeew žurnalistlere bu hökümi çykarmak boýunça 26-njy sentýabrda Lenin etrap suduna ýüz tutdy.

Gyrgyz adam hukuklaryny goraýjy Rita Karasatowa bu hereketi ýazgaryp, sülçiniň talabyny “gülkünç” atlandyrdy.

“Olar her bir žurnalist üçin alty ýyl türme tussaglygyny soraýarlar. Näme üçin? Žurnalistika jenaýatmy?” diýip, ol kazyýet diňlenişiginden soň aýtdy.

Karasatowa 11 žurnalistiň ählisiniň dessine azat edilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG