Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistandaky basa-baslykda 121 adam öldi - polisiýa


Pidalaryň köpüsiniň aýal maşgala bolandygy aýdylýar.
Pidalaryň köpüsiniň aýal maşgala bolandygy aýdylýar.

Hindistanyň demirgazygynda geçirilen dini çärä gatnaşanlaryň sany rugsat berlen möçberinden üç esse köp bolup, basa-baslyk netijesinde azyndan 121 adam öldi diýip, häkimiýetler 3-nji iýulda aýtdy.

Pidalaryň köpüsiniň aýal maşgala bolandygy aýdylýar.

Polisiýanyň deslapky hasabatynda aýdylmagyna görä, diňe 80 müň adamyň toplanmagyna rugsat berlendigine garamazdan, Uttar Pradeş ştatynyň Hathras etrabyna 2-nji iýulda 250,000 töweregi adam ýygnanypdyr.

Polisiýa ýygnanyşygyň wagyzçysynyň, “Bhole Baba” ady bilen tanalýan Suraj Pal Singhiň nirededigini anyklamaga synanyşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG