Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan Eýranyň ýokary ruhany lideriniň azlyklar baradaky belliklerini ýazgardy


Hindistan Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiň bellikleriniň “ýalan we kabul ederliksizdigini” aýtdy. (arhiw suraty)
Hindistan Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiň bellikleriniň “ýalan we kabul ederliksizdigini” aýtdy. (arhiw suraty)

Hindistan Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiň Günorta Aziýa yklymyndaky bu döwletde musulmanlara çemeleşilişi baradaky belliklerini ýazgardy, şeýle-de bularyň “ýalan we kabul ederliksizdigini” aýtdy.

Hameneýi 16-njy sentýabrda eden çykyşynda: “Biz Mýanmada, Gazada, Hindistanda we beýleki ýerlerde ejir çekýän musulmanlaryň ýagdaýyna göz ýumsak, onda biz özümizi musulman hasap edip bilmeýäris” diýdi.

Muňa jogap hökmünde, Hindistanyň Daşary işler ministrligi bu bellikleri “çürt-kesik ýazgarýandygyny” aýtdy.

“Beýleki döwletleriň azlyk milletleri barada beýanat etmezinden ozal, bu ýurtlaryň öz içindäki ýagdaýlara nazar aýlamagyna maslahat berýäris” diýip, ministrligiň metbugat wekili çykyş etdi.

Bu iki ýurt, adatça, özara berk gatnaşyklary saklaýar.

XS
SM
MD
LG