Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi premýeri Putine 'urşuň çözgüt bolmajakdygyny' aýtdy


Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Russiýa sapar edip, Moskwada prezident Wladimir Putin bilen duşuşanda, urşuň meseleleriň çözgüdi bolup bilmejekdigini aýtdy.

Ol Ukrainadaky urşy gönüden-göni agzamady, ýöne söhbetdeşligiň mazmunyndan ozaly şu gowganyň göz öňünde tutulýandygy görünýär.

Modiniň aýtmagyna görä, ol rus prezidentine, onuň “dosty” hökmünde, “geljek nesilleriň ýagty geljegi” üçin parahatçylygyň zerurdygyny aýtdy.

“Bombalar, raketalar, tüpeňler parahatçylygy üpjün edip bilmez. Şu sebäpden biz gepleşiklere basym berýäris we gepleşikler zerur” diýip, Modi aýtdy.

Şeýle-de, ol birinji gün geçirilen we Putiniň rezidensiýasynda dört-bäş sagat dowam eden gepleşiklerde ýolbaşçylaryň Ukraina temasy barada “aç-açan” pikir alşandyklaryny, gepleşikler netijesinde “örän gyzykly pikirleriň ýüze çykandygyny” belledi, ýöne bu pikirler barada anyk bir zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG