2024-nji ýylyň Himiýa boýunça Nobel baýragy üç alyma, olaryň proteýini dekodlamak ugrundaky tagallalary we täzelerini döretmek boýunça gurallary oýlap tapmakdaky işleri üçin berildi.
9-njy oktýabrda Şwesiýanyň Bilimler boýunça Şa akademiýasy bu abraýly baýrak bilen ABŞ-ly alymlar Dawid Bakeriň we Jon Jumperiň, şeýle-de britaniýaly Demis Hassabisiň sylaglanandygyny mälim etdi. Bu olaryň “proteýinleriň ajaýyp gurluşyny” owratmak boýunça eden işleri üçin berlendigi bellenildi.
Dinamiti oýlap tapan şwesiýaly alym we telekeçi Alfred Nobel bu baýragy 1901-nji ýylda esaslandyrypdy. Şondan bäri ol her ýyl ylymda, edebiýatda we parahatçylyk ugrundaky tagallalarda öňde saýlanan şahslara berilýär. Baýragyň ykdysady ugry soň goşuldy.