ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harrisiň we ozalky prezident Donald Trampyň prezidentlik saýlaw kampaniýalary 10-njy sentýabra planlaşdyrylan debatlarda mikrofonyň açyk ýa öçük saklanmagy boýunça jedelleşýärler.
Prezident Jo Baýdeniň saýlaw kampaniýasy islendik debatlaryň geçirilmegi üçin mikrofonyň dowamly ýapyk saklanmagyny şert edip goýupdy. Muňa laýyklykda, soraga jogap bermeýän dalaşgäriň mikrofony öçük bolmalydy.
Harrisiň topary bolsa mikrofonyň dowamly açyk saklanmagyny isleýär.
25-nji awgustda Tramp ABC tele-kanalynyň guramaçylygyndaky debatlara gatnaşman biljekdigini ýaňzytdy. Ol bu ýeri “Trampy ýigrenýänleriň paneli” diýip atlandyrdy.