Hamas ýolbaşçylygynyň bir agzasy BBC-ä bu toparyň Gazadaky ýaraşyk we zamun alnanlary boşatmak barada geçiriljek täze gepleşiklere gatnaşmajakdygyny aýtdy. (Hamas topary ABŞ, Angliýa we ÝB tarapyndan ekstremist gurama diýlip kesgitlendi).
Hamas bilen Ysraýylyň araçylar arkaly geçirýän gepleşikleri 15-nji awgustda, dördünji gün Katarda dowam etdiriler. Ysraýyl oňa gatnaşýandygyny tassyk etdi.
Çeşmeleriň DPA aýtmaklaryna görä, Dohadaky gepleşiklere ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy William Burns, Kataryň premýer-ministri Muhammad bin Abdulrahman Al Tani we Müsüriň aňtaw gullugynyň başlygy Abbas Kamel dagy gatnaşar.
Mossadyň daşary ýurt aňtaw gullugynyň başlygy Deýwid Barnea bolsa, Ysraýyla wekilçilik eder diýlip garaşylýar.
Hamasyň metbugat wekili BBC-ä bu toparyň "gepleşikler üçin gepleşiklere” gatnaşmak islemeýändigini, “Ysraýylyň bu gepleşikleri penalap, söweşini dowam etdirýändigini” aýtdy.
Palestina tarapy, BBC-niň söhbetdeşiniň sözlerine görä, “ýol kartasyny”, gelnen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň anyk meýilnamasyny görmek isleýär.
“Bu meýilnama ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň maý aýynda öňe süren tekliplerine esaslanmaly” diýip, Hamasyň wekili BBC-ä aýtdy.
Şeýle-de, Hamasyň wekili Ysraýyly gepleşikleriň öňünden goşmaça şertleri öňe sürmekde aýyplady. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu hem Hamasa şu hili aýyplamalary bildirýär diýip, BBC-niň habarynda aýdylýar.