1-nji fewraldan Hytaýyň Sinjiang Uýgur awtonom oblastynda, dine ynanýanlaryň özlerini alyp barşyna gözegçilik etmek maksady bilen ýörite düzgün güýje girýär. Şol dokumente laýyklykda, indiden başlap, metjitleriň gurluşygyna, haj zyýaratyna gidýänlere we dini bilim aljaklara diňe ýerli häkimiýetleriň rugsady bilen mümkinçilik berler. Şeýle hem düzgünnamada, mobil telefonlarda we kompýuterlerde dini faýllaryň saklanylmagy gadagan edilýär. Bilermenleriň pikirine görä, Pekin täze düzgünnamanyň kömegi bilen Sinjiangda adam hukuklarynyň bozulmagyny kanuny taýdan resmileşdirmek isleýär.
2023-nji ýylyň ahyrynda Sinjiang Uýgur awtonom oblastynyň Milli Halk Maslahatynyň komiteti awtonom oblastyň din işleri hakyndaky düzgünnamasyny kabul etdi.
Kanuny güýji bolan täze resminama laýyklykda, hiç bir gurama ýa-da hiç bir şahsy adam özbaşdak din işlerini berjaý etmäge, ýa-da medeni çärede ulanmaga haksyzdyr. Mysal üçin, eger kanunda görkezilmedik bolsa, hiç kim öz dini düzgünlerine görä, toý we adam jaýlamak işlerini geçirip bilmez. Dini binalarda islendik dikeldiş ýa-da gurluşyk işleri diňe ýerli häkimiýetleriň Din işleri bölümi tarapyndan makul bilnenden soň amala aşyrylar.
Şeýle-de täze düzgüne laýyklykda, Mekgä haj zyýaraty diňe häkimiýetleriň gözegçiligindäki Hytaý Yslam jemgyýeti tarapyndan gurnalyp bilner. 18 ýaşa ýetmedik çagalary dini ýygnanyşyklara getirmek gadagan we umuman, olara dini bilim bermeli däl.
Dini azatlyklary we adam hukuklaryny beýan edýän Bitter Winter neşiriniň ýazmagyna görä, “şeýlelik bilen Pekin özüniň metjitlere garşy ýykan-ýumran işlerini, sebiti hytaýlaşdyrmak syýasatyny şol hukuk düzgünnamasynyň esasynda aklamaga çalyşýar".
«Sinjiangdaky kanunçylyk düzgünleri beýleki welaýatlarda we sebitlerde ulanylýanlara garanyňda has berkdir. Din meselesinde Sinjiangda "adaty" welaýatlar we sebitler bilen deňeşdirilende, has berk düzgüniň hereket edýändigini hatda hytaý propagandasy hem boýun alýar. Ýöne adatda bolşy ýaly, muny "ekstremizme" we "terrorçylyga" garşy göreşmegiň zerurlygy bilen aklaýar» diýip, şol makalada aýdylýar.
Mysal üçin, täze düzgünnamada dini edaralaryň, hatda eýýäm gurlan jaýlaryň hem binagärlik, heýkeltaraşlyk, suratçylyk we ş.m. babatda, "Hytaý aýratynlyklarynyň we özboluşlylygynyň" şöhlelendirilmegi talap edilýär. Metjitler we ybadathanalar ýerli halk häkimiýetine hasabat bermelidir.
Dini makalalary we kitaplary çap etmegiň düzgünleri hem berkleşdirildi, olaryň ýaýradylmagy diňe awtonom etrabyň halk häkimliginiň Din işleri bölüminiň rugsady bilen mümkindir. Şonuň bilen bir wagtda, hiç bir gurama ýa-da şahsyýet digital neşirleri ulanyp bilmez, bu düzgüne Internetdäki ýazgylary, sosial ulgamlary, hatda mobil telefon arkaly ýazylan ýazgylar hem degişlidir.
Kanunda dini guramalaryň baştutanlary – ymamlar, ybadathanalaryň we mukaddes ýerleriň ýolbaşçylary üçin, birnäçe madda bar. Onda ruhanylar «ekstremizme garşy dogry ýoldan gidip, watansöýüjilikli we kanuna tabyn bolmalydyr» diýlip ýazylypdyr. Sinjiangdaky ruhanylar indiden beýläk, daşary ýurt guramalarynyň ýa-da adamlaryň ykrar edilmegini, bellenilmegini we hormatly atlaryny kabul edip bilmeýärler.
Dini ýolbaşçylar, dini hyzmaty berjaý edýänler we dini merkezler düzgüni bozan halatynda, ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen ygtyýarlyklaryndan mahrum edilýär. Eger dini toparlar we şahsyýetler bu kanuny bozan ýagdaýynda, oňa jerime salmakdan başlap, jenaýat işini açmaga çenli çäre görlüp bilner.
«SINJIANGDA KÖP ADAM JYNAZASYZ JAÝLANÝAR»
Sinjiangdaky etniki gazaklaryň hukuklaryny goraýan "Atažurt" atly hasaba alynmadyk guramanyň ýolbaşçysy Bekzat Maksuthanuly: "Bu kanunyň üsti bilen Hytaý Sinjiangdaky dini ýowuzlygy kanun taýdan resmileşdirmek isleýär" diýip hasap edýär.
— Sinjiangda din işleri we hereketler ýok diýerlikdir. 2016-njy ýyldan bäri adamlar dini bilim edaralaryny açmak we dini düzgünleri ýerine ýetirmek mümkinçiliginden mahrum edildi. Hytaýyň hut özüniň bilim beren ymamlarynyň köpüsini lager tussaglygyna basdylar. Azatlyga çykanlaryň köpüsi saglygyny ýitirdiler ýa-da dini däp-dessurlary berjaý etmekden gorkýarlar. Bir obanyň ymamy başga oba gidip, Kurhan okap bilmeýär. Häzir Sinjiangda köp halatlarda ölenlere jynaza okalman jaýlanýar, sebäbi ymam ýok ýa-da olaryň hukuklary çäklendirilen. Bir obanyň ymamynyň başga obada jynaza okany üçin, yzarlanan faktlary bar. Hytaýyň Sinjiangdaky dini hukuklar barada anyk kanunlary bolmasa-da, ol sebitde uzak wagtdan bäri çäklendirme dowam edýär. Täze düzgün öňki ähli hereketleri kanunlaşdyrar – diýip, ol aýdýar.
Sinjiangdaky gazaklar meselesi boýunça iş alyp barýan «Атажұрт еріктілері» atly başga bir guramanyň lideri Erbol Dauletbekuly "Sinžangda öňden dini azatlyk bolmandy. Hytaý täze düzgün bilen Sinjiangdaky hereketlerini aklamaga çalyşýar" diýdi.
— Hytaý 2017-nji ýyldan bäri Sinjiangdaky genosidi din bilen; dini hem terror bilen baglanyşdyrýar. Millionlarça adam terrorizm ideologiýasyndaky aýyplamalar sebäpli tussag edildiler, lagerlere, türmelere atyldylar we mejbury zähmete çekildiler. Indi Hytaý Sinjiangda eden jenaýatlaryny dünýä we halkara jemgyýetçiliginiň öňünde kanuny edip görkezmäge çalyşýar. Bu kanun olaryň biridir. Mundan daşary-da, daşary ýurtlardan žurnalistleri we bloggerleri çagyryp, Sinjiangdaky "bagtly durmuşy" görkezýärler. Emma Sinjiangda henizem lagerler, türme tussaglygy we mejbury zähmet bar. Din işlerine gözegçilik bu kanun kabul edilmezinden öň hem dowam edýärdi – diýip, ol aýdýar.
Sinjiang uýgur awtonom sebitiniň bu kanuny Hytaýyň prezidenti Si Jinping Sinjiangda "yslamy hytaýlaşdyrmak" wezipesini goýandan soň kabul etdi. Geçen ýylyň 26-njy awgustynda, Si Jinping Sinjiangyň paýtagty Urumçy şäherine eden saparynyň çäginde, ýerli resmilere "yslamy hytaýlaşdyrmak syýasatyny dowam etdirmegi" we "bikanun dini çärelere gözegçilik etmegi" tabşyrdy.
Sinjiangdaky ýagdaý 2017-nji ýyldan soň ýaramazlaşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, 2017-nji ýyldan bäri Sinjiangda, bir milliondan gowrak uýgur, gazak we beýleki musulman syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine atyldylar. Halkara guramalary Hytaýyň hereketlerini ýazgaryp gelýär, emma Pekin Sinjiangdaky syýasatyny "ekstremizme garşy göreş"; syýasy lagerleri hem "täzeden hünär öwrediş merkezleri" diýip atlandyrýar.
Lagerlerden azatlyga çykan uýgurlar we gazaklar gaýta-gaýta özleriniň gynalandyklaryny, zorlanandygyny, nämälim dermanlar berlendigini, mejbury zähmete çekilendigini aýdýarlar.
Hytaýda Sinjiang halkynyň hiç bir sebäpsiz tussag edilmegi, gynamalar, aýallary mejbury sterilizasiýa etmek, mejbury zähmet genosid we adamzada garşy jenaýat diýip, ABŞ we Günbatar ýurtlary mälim etdiler.
Geçen ýyl Human Rights Watch guramasy Hytaýyň Sinjiangda zulum syýasatyny dowam etdirýändigini aýtdy. Sebitdäki metjitleriň üçden ikisi ýapyldy, mukaddes jaýlaryň ýokarsyndaky gümmezi we minaralary aýryldy. Şeýle-de, guramalar häkimiýetleriň ýurduň metjitlerinde kameralar ýerleşdirendigini habar berdi.
Hytaý BMG-niň we Günbatar ýurtlaryndan bolan bilermenleriň Sinjianga girmegine rugsat bermeýär. Pekin öz täsirinde bolan ýurtlardan diplomatlary we žurnalistleri Sinjianga çagyryp, olar üçin syýahat gurnaýar. Gazak diplomatlary we žurnalistleri üçinem şeýle syýahat amala aşyryldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum