Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uzyn eller. Gyrgyzystandaky "akylly kameralar" Kremle hyzmat edýärmi?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanda iýun aýynyň başyndan bäri adam ýüzüni tanaýan ulgam işläp başlady. Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, geçen iki hepdäniň dowamynda, ol ulgamyň kömegi bilen döwletara gözlegde durýan 57 adam saklandy. Olaryň arasynda urşa garşy göreşýän rus aktiwistleri hem bar.

Entek Gyrgyzystanda adamyň ýüzüni tanamak ulgamy işe girizilmezden öň, onuň adam hukuklaryna garşy ulanylmagynyň mümkindigi baradaky dürli pikirler ýüze çykypdy. Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden soň, bu howatyrlanma ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlandy. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmagyna görä, soňky tehnologiýalar oppozisiýa we umuman başgaça pikir edýänlere garşy göreşde gural bolup biler.

Ulgam işläp başlady

Şu ýylyň fewral aýynda, Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi Gyrgyzystanda jemgyýetçilik ýerlerinde ýüze çykýan jenaýatlara gözegçilik etmek boýunça jemi 2 müň 177 wideo kameranyň ulanmaga girizilendigini habar berdi, olaryň 519 sanysy adamyň ýüzüni tanamak funksiýasyny berjaý edýär. Şol wagtyň özünde, ministrlik Bişkek şäheriniň ähli etraplarynda gije-gündiz gözegçilik edýän enjamlary oturtmagy teklip etdi. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilendigi ýa-da berjaý edilmändigi barada habar berilmeýär, ýöne muňa derek, agentlik birnäçe gün mundan ozal bu sistemanyň ilkinji "üstünlikleri" barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, açyk howada adam ýüzüni tanamak funksiýasy bolan gözegçilik kameralarynyň kömegi bilen 10 günüň dowamynda, 57 adam anyklanypdyr we polisiýa eltilipdir, olar GDA ýurtlarynda gözleg sanawynda durýan eken. Bellenilişine görä, olaryň arasynda Orsýetiň we Özbegistanyň dört graždany bar.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, saklananlar adam öldürmek synanyşygy, ekstremist jenaýatlar boýunça, huligançylyk, galp dokumentleri ýasamak ýaly jenaýatlarda gözlenýänler bolmaly. Orsýetiň kanun goraýjy edaralary jemi 85 müňden gowrak adamyň maglumatyny berdi diýip, Içeri işler ministrligi mälim etdi.

Şahsy maglumatlar nirede goralýar?

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň adam ýüzüni tanamak sistemasynyň işe girizilmegi baradaky habary ýerli aktiwistleri biynjalyk edýär. Paýtagtyň Birinji maý etrabynyň häkiminiň öňki orunbasary, aktiwist Mawlýan Askarbekow şahsy maglumatlary saklaýyş meselesinde, bu ulgamyň başga baglanyşyklaryna ünsi çekýär:

Mawlýan Askarbekow
Mawlýan Askarbekow

«Adamyň daş keşbi onuň şahsy maglumatlary bilen baglanyşyklydyr. Ol adamyň şahsy maglumatlary nirede saklanýar? Onuň howpsuzlygyna kim kepil geçýär? Muny kanunçylykda berkitmek zerur. Häzir kanun ýok we onuň nirede saklanylýandygy belli däl. Meni biynjalyk edýän zat, ol enjamlaryň hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilmegidir. Tehnologiýanyň häzirki kämilleşdirilen şertlerinde, maglumat daşary ýurtlara syzyp bilýär, ondan bolsa döwlet habarsyz galýar» diýip, ol aýdýar.

Ýüz tanamak sistemasynyň işe girizilmegi Bişkekde urşa garşy göreşýän üç rus aktiwistiniň tussag edilmegine gabat geldi. Olaryň azyndan biriniň wideo kameralaryň kömegi bilen saklanandygy eýýäm bellidir. Aktiwistlerden biri – Alekseý Rožkow Russiýa iberildi, bu bolsa ony gözleg sanawynda goýdy.

Bişkek şäheriniň köçesinde goýlan gözegçilik kameralary
Bişkek şäheriniň köçesinde goýlan gözegçilik kameralary

Gyrgyzystanly graždan jemgyýetiniň aktiwisti Timur Şaýhutdinow bu ulgamyň gowy maksatlar üçin ulanyljakdygyna hiç hili güwälik ýok diýip hasap edýär.

«Iki ýyl mundan ozal biziň sowallarymyza Bişkek şäheriniň Içeri işler bölümi jogap beripdi. Olar diňe gözlegde goýlan adamlaryň maglumatlaryny ulanjakdyklaryny aýtdylar. Ýöne ol diňe aýdylan söz. Ol ulgamda maňa gözegçilik etmek mümkin. Ýene-de bir töwekgellik bar. Belki-de, kimdir biri graždan aktiwisti hökmünde meniň bilen gyzyklanýandyr. Ýa-da men telekeçi bolsam, nirä gidendigim we kim bilen tanşandygym bilen gyzyklanyp bilerler. Biri parahorluk ýoly bilen men barada maglumat berip bilmezmi?» diýip, Şaýhutdinow dürli soraglary öňde goýýar.

Bu howpsuzlyk üçinmi?

Gyrgyzystanda adam ýüzüni tanap bilýän kameralar 2019-njy ýyldan ýerleşdirilip başlandy. 2023-nji ýylyň fewralynda Bişkek şäheriniň häkimligi Erkindik bulwarynda, Çuý şaýolunda, Kiýew, Toktogul we Çokmorow köçelerinde, 50-den gowrak kameranyň ýerleşdirilendigini habar berdi. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bu başlangyjyň digitalizasiýa syýasatynyň çäklerinde, graždanlaryň we tertip-düzgün howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça amala aşyrylýandygyny belläp geçdiler.

Ýöne Içeri işler ministrligi enjamlaryň nireden satyn alnandygyny we kameralardan düşürilen maglumatlaryň nirede saklanýandygyny henize-bu güne çenli habar bermedi. Bölümiň çap eden wideolarynyň birinde, wideokameradaky «Tiandy» diýen ýazgyny görse bolýar. Bu Hytaýyň adam ýüzüni tanaýan kamera öndüriji esasy kärhanalaryň biridir.

2019-njy ýylyň güýzünde Gyrgyzystanda adam ýüzüni tanamak ulgamynyň gurnalyp başlanandygy yglan edilende, adam hukuklary boýunça halkara Human Rights Watch (HRW) guramasy resmi beýanat ýaýradyp, Gyrgyzystanda hytaý kompaniýasynyň wideogözegçilik ulgamlarynyň gurnalýandygyny tankytlady. Hususan-da, gurama "adamlaryň suratlarynyň, şeýle hem olara degişli beýleki şahsy maglumatlarynyň nädip ýygnalýandygy, saklanyljakdygy we nirä geçiriljekdigi barada maglumat ýok" diýip, şol meselelere ünsi çekdi. HRW guramasy "jemgyýetçilik ýerlerinde ýüz tanamak tehnologiýasynyň ulanylmagy ýurduň häkimiýetlerine adamlaryň hereketini yzarlamaga we oňa gözegçilik etmäge, olaryň söz we ýygnak erkinligini togtatmaga we çäklendirmäge mümkinçilik berýär" diýip düşündirdi.

Ýarag awtoritar režimiň elinde

Gyrgyzystanyň adam hukuklaryny goraýjy aktiwisti Dinara Oşurahunowa köçelerde howpsuzlygy üpjün etmekde ýüz tanaýan kameralaryň kömeginiň möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, ýöne ony başga maksatlar üçinem ulanyp boljakdygyny belleýär:

«Kameralar edil bir ýarag mysaly. Ýarag bilen jenaýatçydan goranmak mümkin, ýöne özüň hem jenaýatçy bolup bilersiň. Köp zat kameralaryň kim tarapyndan gurnalýandygyna bagly, ony demokratik ýa-da awtoritar hökümet gurýarmy? Sebäbi demokratik jemgyýetde beýle kameralar graždanlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän, olara kömek berýän tehnologiýa öwrülýär. Awtoritar režimler bolsa kameralary garşydaşlaryny, tankytçylary, öň saklananlary yzarlamak üçin ulanýarlar. Muny biz Orsýetiň we Belarusyň mysalynda görýäris» diýip, Dinara Oşurahunowa aýdýar.

Hukukçy Nurbek Toktakunow "akylly kameralaryň" repressiýanyň guralyna öwrülmek gorkusy barada öz garaýşyny aýdýar:

«Eger-de bu kameralar şahsy maglumatlary ýygnamagyň ulgamyna birikdirilse, graždanlara gözegçilik etmek sistemasyna öwrüler. Häzir olar munuň gözlenýän adamy saklamak üçin ulanyljakdygyny aýdyp, özlerini aklaýarlar, emma biz onuň soňlugy bilen raýatlara garşy ulanyp bolýandygyna düşünýäris. Eýýämden bu sistema bosgunlara, urşa garşy göreşýän rus aktiwistlerine garşy ulanylýar, ol eýýäm repressiýanyň guralyna öwrüldi» diýip, Nurbek Toktakunow belleýär.

Oşurahunowa rus aktiwistleriniň Bişkekde tussag edilmegi bilen baglylykda, Moskwanyň GDA ýurtlarynda öz täsirini güýçlendirýändigine ynanýar.

«Kremliň eli Belarusa çenli ýetdi, indi ol Merkezi Aziýa – Gyrgyzystana uzaýar. Biz muny duýýarys. Sebäbi biziň kanun goraýjy edaralarymyz tarapyndan, Putini tankytlaýan relokatorlar [başga ýurtda öz aktiw hereketini dowam etdirijiler] saklanýar we olaryň eline berilýär. Tankyt etmeýänlere bolsa el degrilmeýär. Belki, olaryň arasynda jenaýatçylar bardyr? Maňa Gyrgyzystanda Nawalnynyň tarapdary bolan aktiwistleriň saklanandygy barada maglumat gowuşdy. Orsýetde bu oppozisiýa wekiliniň tarapdarlary yzarlanýar» diýip, Oşurahunowa öz garaýşyny paýlaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG