Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan we Täjigistan serhet ýakasyndaky raýatlaryny öz çägine göçürer


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Gyrgyz we täjik häkimiýetleri, serhet meselesini çözmegiň çäginde, öz raýatlaryny öňki ýaşaýan ýerlerinden degişli ýurdunyň çägine göçürer.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow döwlet habar gullugy “Kabar” bilen geçiren soňky söhbetdeşliginde serhet meselesindäki täze ylalaşyklary anyklaşdyrdy.

Goňşy ýurtlaryň häkimiýetleri bilen umumy serhetleri kesgitlemek meselesinde gazanylan ylalaşyklar barada gürrüň edende, ol "Bizde serhet ýakasynda jaýlary küşt tagtasyndaky ýaly garyşyk ýerleşdirilen obalar bar” diýdi.

“Eger biziň tarapymyzda Täjigistanyň raýatlaryna degişli jaýlar bar bolsa, Täjigistan tarapy olary göçürer. Eger biziň jaýlarymyz olaryň tarapynda bolsa, biz öz raýatlarymyzy göçüreris. Olar üçin başga bir ýerde jaý gurarys we şol bir wagtda olaryň ýer bölekleriniň ululygy hem hasaba alnar" diýip, döwlet baştutany aýtdy.

"Şeýle edilmedik ýagdaýynda serhet goragy iki tarap üçin hem oňaýsyzlyk döreder" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bizde müň kilometre golaý serhet bar. Köp sebitde jedelli ýerler bardy. Käbir ýagdaýlarda bu sebitleriň meselesi deň derejede çözüldi... Meseleler her bir metr meýdany göz öňünde tutmak bilen çözüldi" diýip, Sadyr Žaparow "bölünişik işleri başlanan wagtynda doly maglumat beriljekdigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG