18-nji sentýabrda Bişkegiň sudy prezident Sadyr Japarowyň galplykda aýyplanýan bir garyndaşynyň deslapky tussaghanadan öý tussaglygyna geçirilendigini mälim etdi.
Suduň beýanatyna görä, prezident Japarowyň doganoglany Rakymjan Japarowyň ogly Ulan Japarow öý tussaglygyna 24-nji awgustda geçirilipdir. Bu hökümi çykaran sud, iýulda Ulan Japarowy azyndan iki aý möhlet bilen deslapky tussaghanada saklamak barada karar çykarypdy.
Ýerli medianyň ýazmagyna görä, Ulan Japarow bir adamy ýokary derejeli wezipä bellemek wadasy bilen, ondan uly mukdarda nagt pul alypdyr.
Japarow ilki 2023-nji ýylyň iýulynda korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edilipdi. Şol wagt, prezidentiň metbugat wekili Erbol Sultanbaýew Ulan Japarowyň Gümrük gullugyndaky korrupsiýa bilen baglylykda güman edilýändigini aýdypdy.