Bişkegiň etrap kazyýeti gyrgyz şahyry, kompozitor we syýasy aktiwist Askat Jetigeni häkimiýeti ele geçirmäge çagyrmak aýyplamasy esasynda günäli tapyp, üç ýyl azatlykdan mahrum etdi. Jetigen we hukuk synçylary kazyýetiň giňden gözegçilik edilen işindäki aýyplamany ret etdiler.
Jetigen köpçülikleýin gozgalaňa çagyrmak aýyplamasyndan aklandy. Prokurorlar 2021-nji ýylda sosial ulgamlarda kazino başlangyçlaryndan başlap, milli baýdagy çalyşmak we hökümet tankytçylarynyň tussag edilmegi ýaly medeni we syýasy meseleler boýunça çykyş edip başlan Jetigene sekiz ýyl türme tussaglygy jezasynyň berilmegini soradylar.
Jetigeniň aklawçysy Samat Matsakow prosessual düzgün bozmalara ýol berlendigini öňe sürdi we 1-nji iýulda çykarylan hökümden şikaýat etjekdigini aýtdy.