Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz hökümet tankytçysynyň tussaglyga garşy şikaýaty ret edildi


Zarina Torokulowa
Zarina Torokulowa

Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti 3-nji iýulda tanymal hökümet tankytçysy Zarina Torokulowanyň onlaýn arkaly köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyryş etmekde aýyplanyp berlen türme möhletine garşy eden şikaýatyny ret etdi.

Bişkek kazyýeti aprel aýynda, prokurorlar bäş ýyllyk şertli tussaglygyň gaty ýumşak jeza bolandygyny aýdanyndan soň, 47 ýaşly Torokulowanyň şertli tussaglygyny ýatyryp, onuň türmede oturmagyny buýurdy.

Ýanwar aýynda Facebookda paýlaşan ýazgylarynyň köpüsinde köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmakda günäli tapylan Torokulowa ol diýilýän ýazgylar bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny öňe sürdi.

Hökümeti ýiti tankytlamakda tanalýan Torokulowa Bişkek şäher geňeşine geçirilen saýlawlarda iki gezek dalaşgär boldy.

XS
SM
MD
LG