Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde gurluşykda, agyr işlerde zähmet çekýän aýal-gyzlar has köp göze ilip başlady.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy şeýle meýilleriň töweregindäki ýagdaýlar bilen gyzyklanyp, Çärjew, Kerki we Köýtendag etraplarynda ýerli ýaşaýjylar bilen hem-de sebit merkezinde bir ýerli synçy bilen gürrüňdeşlik geçirdi.
“Aýallar soňky döwürde jaý gurluşyk işlerinde ussalaryň kömekçisi hökmünde işläp başladylar” diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy aýdýar.
Olar esasan gurluşyk materiallaryny daşamak we kerpiç taýýarlamak ýaly işleri ýerine ýetirýärler.
Gurluşyk işleri Türkmenistanda we dünýäde, adatça, zähmetiň erkek adamlara mahsus görnüşi hökmünde kabul edilýär. Şeýle işler, öz tebigatyna laýyklykda, fiziki güýç we agyr zähmet talap edýär.
“Gurluşyk işleri ep-esli fiziki güýç we çydamlylyk talap edýär. Bu bolsa, şeýle streslere öwrenişmedik aýal-gyzlar üçin aýratyn kynçylyk döredýär” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Şeýle habarlar we maglumatlar türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda hem ara alnyp maslahatlaşylýar.
Iýunyň ahyrlarynda TikTok ulgamynda paýlaşylan bir wideoda erkek adamlaryň arasynda gurluşyk işlerini ýerine ýetirýän bir aýal maşgalany görmek bolýar.
Azatlyk Radiosy bu wideonyň nirede, haçan we kim tarapyndan düşürilendigini, şeýle-de wideo bilen bagly beýleki jikme-jiklikleri anyklap bilmeýär. Ýöne wideonyň aşagynda goýlan teswirler bu şekilleriň Türkmenistanda düşürilendigine yşarat edýär.
“Aýal-gyzlar gurluşyk işlerinde hem işläp başladylar. Adatça, aýal-gyzlar garbanyşhanalarda aşpez, gap-çanak ýuwujy ýa-da ofisiant bolup işleýärler. Emma şeýle işlerden alynýan girdejiler maşgalany we şahsy islegleriňi kanagatlandyrmaga ýetmeýär. Şonuň üçin, aýallar gurluşykda işleýärler. Kafede gap-çanak ýuwup, 16 sagat iş üçin 50 manat alanyňdan, gurluşykda 100 manat alanyň gowy dälmi?!” diýip, bir kerkili gelin gürrüň berýär.
Lebap welaýatynyň sebit merkezinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy aýal-gyzlaryň agyr zähmet talap edýän gurluşyk işlerini ýerine ýetirmegini ýurtdaky ykdysadyky kynçylyklar bilen düşündirýär.
Başga-da birnäçe sebit ýaşaýjysy bu ýagdaýy tassyklap, aýal-gyzlaryň agyr zähmet bilen meşgullanmagyny durmuş kynçylyklary bilen baglanyşdyrýarlar.
“Şeýle agyr işlerde zähmet çekýän aýal-gyzlar köplenç eli ýuka maşgalalardan gelip çykýar. Olar durmuş kynçylyklaryna garşy göreşmeli bolýarlar” diýip, Köýtendag etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan öňki bilim işgäri aýdýar.
Geçen on ýyllygyň dowamynda iş gözleginde daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä gidýän aýal-gyzlaryň sany hem artdy.
Halkara hasabatlar daşary ýurtlarda zähmet çekýän türkmenistanlylaryň esasan tekstil, gurluşyk we ekerançylyk ýaly pudaklarda işleýändigini görkezdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan kerkili gelin eklenç çeşmesine mätäç zenanlaryň esasan daşary ýurtlara çykmaga ymtylýandygyny, ýöne ýurtdan çykyp bilmedik raýatlaryň dürli kynçylyklara sezewar bolup, güzeran aýlamaga mejbur bolýandyklaryny gürrüň berýär.
Azatlyk Radiosy öňki ýyllarda hem Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda zähmet çekýän zenanlar barada habar beripdi. 2016-njy ýylda çap edilen fotosergi ýurduň paýtagtynda gurluşyk materiallaryny daşaýan zenanlary görkezdi.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky işsizligiň hakyky derejesini görkezýän anyk sanlary äşgär etmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary, ýerli ýaşaýjylar, halkara hasabatlar we garaşsyz neşirler ýurtda işsizligiň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.
Türkmenabatda habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy yssy howa şertlerinde agyr işde zähmet çekýän zenanlary ýurtdaky ykdysady kynçylyklara subutnama hökmünde görkezdi we zenan zähmetini çydamlylygyň nusgasy hökmünde suratlandyrdy.
“Türkmenistanda gurluşyk meýdançalarynda işleýän aýallar häzirki ykdysady krizisiň we korrupsiýanyň nyşanyna öwrüldi. Olaryň alyp barýan işleri diňe bir kyn günleriň subutnamasy bolman, eýsem, öz maşgala ojaklarynyň hatyrasyna, kynçylyklary ýeňip geçmäge taýýar zenan çydamlylygynyň we erjelliginiň nusgasy boldy. Aýallar, adamlary öz tebigatyna ters gelýän agyr işlerde zähmet çekmäge mejbur edýän awtoritar režimiň astynda, öz çagalarynyň we maşgalalarynyň geljegi üçin, göreşi dowam etdirip, ajaýyp güýç we çydamlylyk görkezýärler” diýip, ýerli synçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum