Sepleriň elýeterliligi

 
Oswensimiň azat edilmeginiň 80 ýyllygy. Ýolbaşçylar ölüm lagerindäki matam çäresinde 'hiç wagt unutmazlygy' söz berdiler
Soňky habar

Oswensimiň azat edilmeginiň 80 ýyllygy. Ýolbaşçylar ölüm lagerindäki matam çäresinde 'hiç wagt unutmazlygy' söz berdiler


Diri galan öňki bendiler 27-nji ýanwarda Polşada geçirilen Holokosty ýatlamak boýunça halkara gününe bagyşlanan çärä gatnaşýarlar.
Diri galan öňki bendiler 27-nji ýanwarda Polşada geçirilen Holokosty ýatlamak boýunça halkara gününe bagyşlanan çärä gatnaşýarlar.

OSWIECIM, Polşa - Oswensim ölüm lagerinde aman galanlar azat edilmeginiň 80 ýyllygyny bellemek üçin Ýewropa liderlerine goşuldy. Bu, geljek aý parlament saýlawlaryna tarap barýan sagçy partiýalara, esasanam Germaniýada goldawyň artmagynyň fonunda bolup geçýär.

Häzirki wagtda diri galan garryja adamlaryň köpüsi lager formasyny ýada salýan gök-ak reňkli şarf dakynyp, Polşadaky lageriniň ölüm diwaryna şem göterip, bardylar. Bu ýerde faşist basybalyjylary tarapyndan 1,1 million adam öldürilipdi. Bu konsentrasion lager Ikinji jahan urşunyň gutarmagyndan birnäçe aý öň, 1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda sowet goşunlary tarapyndan azat edilipdi.

"Biz polýaklar, şol döwürde faşistik nemesler tarapyndan eýelenen we nemesler tarapyndan öz topragymyzda gurlan bu ýok ediş pudagy, bu konslager barada ýatlamalary şu günki güne çenli gorap saklaýarys" diýip, Polşanyň prezidenti Andzrej Duda diri galan öňki bendiler bilen duşuşykda aýtdy.

"Goý ähli ölenleriň hatyrasyna olar barada ýatlamalar ýaşasyn, ruhy rahat bolsun" diýip, Duda aýtdy.

Matam çäresi 27-nji ýanwarda ir bilen başlandy. Oswensim-Birkenau döwlet muzeýiniň habaryna görä, esasy dabara öňki Oswensim II-Birkenau lageriniň derwezesiniň öňünde gurlan ýörite çadyrda ýerli wagt bilen 16:00-da başlanar. Hatyra çäresiniň nyşanlaryndan biri derwezäniň öňünde ýerleşdirilen ýük wagony bolar.

Bu çärä Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeýer we Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz gatnaşar diýlip aýdyldy. Şol bir wagtyň özünde-de, immigrasiýa garşy çykyş edýän "Germaniýa üçin alternatiwa"(AfD) partiýasyna goldawyň köpelmegi bilen, Şolzyň gaýtadan saýlanmak kampaniýasy üçin kynçylyk döredýär.

"Ogullar, gyzlar, eneler, kakalar, dostlar, goňşular, ene-atalar: arzuwlaryna we umytlaryna eýe bolan bir milliondan gowrak adam Oswensimde nemesler tarapyndan öldürildi" - diýip, Şolz belledi.

"Olaryň ölümine gynanýarys we çuňňur gynanjymyzy bildirýäris. Olary asla ýatdan çykarmarys. Bu gün hem, ertir hem" diýip, kansler aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 1941-nji ýylda iki günüň dowamynda faşistler tarapyndan öldürilen 30000-den gowrak ýewreýiň hatyrasyna Kiýewde dikilen Babyn ýar Holokost ýadygärligine şem goýdy we yzýany senäni bellemek üçin goňşy Polşa bardy.

"Faşistleriň tutuş bir halky ýok etmek, ähli adamlary öldürmek we ýewreý milletini ýatladýan ähli zadyň soňuna çykmak üçin bilkastlaýyn synanyşyk etdi. Alty million adam pid boldy" - diýip, Zelenskiý çap eden postunda belledi.

"Holokostyň jenaýaty hiç haçan gaýtalanmaly däldir, gynansak-da, onuň ýatlanmagy kem-kemden gowşaýar. Bütin halklaryň janyny ýok etmek isleýän ýamanlyk häzirem dünýäde bar."

Guramaçylaryň sözlerine görä, dabara gatnaşan daşary ýurtly ýolbaşçylaryň hiç biriniň-de gürlemegine garaşylmaýar. Çäräniň dowamynda diri galan öňki bendilere ünsi jemlemek göz öňünde tutulýar, olaryň 50 töweregi hatyra çäresine gatnaşýar.

Bu ýyl dönümi bilen bilelikde Halkara Holokost Hatyra güni hem bellenýär. Polşada geçirilýän hatyralama çäreleriniň öňüsyrasynda, Holokostda aman galanlary goldamak üçin Ysraýylyň döwlet edarasy ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Oňa laýyklykda, Holokostda diri galanlaryň 123000-den gowragy Ysraýylda ýaşaýar.

Bu san nasistleriň yzarlamalaryndan halas bolan 41 751 adamy we faşist güýçleriniň basyp alan giňişliklerinden, esasanam öňki Sowet Soýuzyndan gaçyp giden 44334 adamy öz içine alýar.

Üçünji toparyna 37 630 adam girýär. Olar urşuň dowamynda Ýewropanyň daşynda, esasan Marokkoda we Al Alžirde Fransuz Wiçi režiminiň goly astynda anti-semitizmiň pidasy bolan adamlar we yrakly ýewreýler.

Şeýle hem hasabatda Ikinji jahan urşy döwründe soýuzdaş güýçleriň hatarynda söweşen 133 ysraýylly agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG