Gürji prezidenti Salome Zurabişwili, birnäçe hepde bäri dowam edýän protestlere we Günbataryň bu ädimiň Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik bileleşigine goşulyşmagyna howp salýandygy baradaky duýduryşlaryna garamazdan, ýurduň parlamenti jedelli “daşary ýurt agenti” kanunyny tassyklandan soň, Gürjüstanyň döwlet hökmünde ýaşamagynyň howp astyndadygyny duýdurdy.
Zurabişwili bu barada Latwiýanyň, Litwanyň, Estoniýanyň we Islandiýanyň Gürjüstana sapar edýän daşary işler ministrleri bilen 15-nji maýda Tbiliside geçiren metbugat ýygnagynda çykyş edip, bir gün öň tassyklanan kanunçylyga weto goýjakdygyny, sebäbi hökümetiň “öz halkynyň sesini, dostlarynyň maslahatyny, hiç kimiň duýduryşyny diňlemän, öz ýoluna gidendigini” belledi.
“Şu gün Gürjüstanyň aman galmak meselesi howp astyndadyr” diýip, ol belledi.
Kanun, Rusisýanyň prezidenti Wladimir Putiniň başgaça pikirlileri we garaşsyz institutlary basyp ýatyrmak üçin ulanan rus kanunyna çalymdaş bolansoň, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berk ýazgarylypdy.
NATO-nyň metbugat sekretary 15-nji maýda bu kanunçylygy Gürjüstany “Ýewropa we Ýewro-Atlantik integrasiýasyndan has uzaklaşdyrýan nädogry ugurdaky ädim” diýip atlandyrdy.
Kanunçylygy parlamentiň üsti bilen öňe süren häkimiýetdäki “Gürji arzuwy” partiýasy bilen gapma-garşylygy bolan prezident Zurabişwiliniň weto ygtyýarlyklaryny ulanmagy üçin 10 gün wagt möhleti bar.
Muňa garamazdan, parlamentde “Gürji arzuwynyň” we onuň hyzmatdaşlarynyň agdyklyk edýän pozisiýasy prezidentiň wetosyny ýatyrmak we ýeňip geçmek üçin ýeterlik derejede güýçlüdir.
Zurabişwili Tbiliside müňlerçe gürji demonstrantynyň kanunçylyga garşy nägileligini 15-nji maýyň ir säherine çenli dowam etdirmeginden gysga wagt soň çykyş etdi.
Gijäniň bir wagtynda demonstrantlar parlament binasyndan Gürjüstanyň paýtagtyndaky esasy çatrykda ýerleşýän Gahrymanlar meýdanyna tarap 2 kilometr çemesi ýöriş etdiler. Bu ýerde polisiýa azyndan 10 adamy ýowuzlyk bilen tussag etdi diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary aýtdylar.
14-nji maýda, üçünji we soňky ses berişlikde, kanun çykaryjylar “Gürji arzuwy” partiýasy tarapyndan öňe sürlen kanunyň peýdasyna 84-30 ses berdiler. “Gürji arzuwy” partiýasy soňky hepdelerde suw toplaryny, göz ýaşardyjy gazy we rezin oklary ulanyp, demonstrantlara garşy berk basyş etmek üçin howpsuzlyk güýçlerine bolan gözegçiligini ulandy.
Müňlerçe demonstrant, esasanam ýaşlar, ses berişlikden öň parlamentiň öňünde ýygnandy.
Kanun taslamasyna soňky tassyklamanyň berlendigi eşidilende, parlamentiň daşyndaky gaharly demonstrantlar binanyň golaýyndaky demir böwetleri döwmäge synanyşdylar. Şonda pitnä garşy göreş polisiýasy olara ýowuz hüjüm etdi. Azyndan 13 adam tussag edildi, olaryň käbiri polisiýa tarapyndan märekeden zor bilen alnyp gidildi.
Telewideniýe we sosial media wideoýazgylarynda aktiwist Dawit Katsarawanyň parlamentiň daşynda zorluk bilen tussag edilendigi görkezildi. Soňra onuň ýüzüne agyr şikesleriň ýetendigi barada suratlar peýda boldy. Tbilisi klinikasynyň lukmanlary onuň süňküniň, eňeginiň döwülendigini we operasiýa edilendigini aýtdylar.
“Gürji arzuwyndan” premýer-ministr Irakli Kobakhidze demonstrantlary “syýasy azlygyň gün tertibine eýermekde” aýyplap, olaryň öz ýurtlaryna garşy “uly jogapkärçiliksizlik” görkezýändiklerini aýtdy.
Kobakhidze Gürjüstanyň iň uly goldawçylaryndan biri bolan ABŞ-ny kanunçlyk barada “ýalan” beýanatlary etmekde tankytlady.
14-nji maýda Tbiliside bolan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi James O'Brien kanun taslamasy resmi taýdan kanuna öwrülen halatynda Waşingtonyň Günorta Kawkaz döwleti bilen gatnaşyklarynyň howp astynda boljakdygyny we ABŞ-nyň Gürjüstana berýän kömeginiň gözden geçiriljekdigini aýtdy.
Bu kanun taslamasyna garşy geçirilen köpçülikleýin ýörişler, Gürjüstan 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny alany bäri geçirilen iň uly protestleriň biridir.
Kanunçylyga laýyklykda, ýurtdaky habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki telekeçilik däl guramalaryň maliýe serişdesiniň 20 göteriminden gowragy daşary ýurtlardan gelýän bolsa, olar özlerini “daşary ýurt güýçleriniň bähbitlerini göz öňünde tutýan” hökmünde hasaba aldyrmaly bolarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum