Birnäçe hepde dowam eden köpçülikleýin protestlere garamazdan, Gürjüstanyň parlamenti 14-nji maýda ýurduň Ýewro-Atlantik bileleşigine goşulyşmagyna howp salýan we Russiýanyň şuňa meňzeş repressiw kanunlaryny gaýtalaýan "daşary ýurt agenti" kanunyna soňky tassyklamany bermeli.
13-nji maýda demonstrantlara goşulmak üçin klaslaryndan çykan gürji studentleriniň 14-nji maýda, özlerine edilen çagyryşdan soň, köpçülikleýin ýagdaýda Tbilisiniň merkezinde birnäçe hepde bäri protest bildirýän adamlara goşulmagyna garaşylýar. Häkimiýetleriň ýüz uran zorlukly basyşlaryna garamazdan, protestçiler nägilelik bildirmeklerini dowam etdirdiler we studentleri hem özlerine goşulmaga çagyrdylar.
"Men uniwersitetlerdäki her bir adamy ir sagat 10-da ýörişe çykmaga hem-de parlamentiň töwerek-daşyny gurşap almaga çagyrýaryn" diýip, bir demonstrant Tbilisiniň merkezindäki studentlere ýüzlenip aýtdy.
Ol studentleriň "öz seslerini kanun çykaryjylara ýetirmegine çagyrdy, belki, olar bir zatlary öwrenerler we kanun taslamasyny üçünji okaýyşda kabul etmezler" diýip, ol aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylary studentleriň dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasynyň kanun çykaryjylary üçin, olaryň kanun taslamasyny tassyklanyndan soň geçjek ýerinde utanç koridoryny döretmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdiler.
Parlamentiň mejlisi ýerli wagt bilen günortan başlanar we ses berişlik öýlän sagat 3-de bolar.
13-nji maý agşamy paýtagtdaky birnäçe uniwersitetiň studentleri parlament binasynyň daşyndaky müňlerçe demonstranta goşulyp, özleriniň "Gürjüstanyň mynasyp geljegini, garaşsyzlygyny we ýurduň Ýewropa geljegini gorajakdygyny" aýdyp gygyrdy diýip, Azatlygyň habarçylary habar berdi.
"Biz ýurdumyzyň azatlygyndan, Ýewropa geljeginden we konstitusiýada kepillendirilen hukuklarymyzdan ýüz öwürmeris" diýip, olar ýygnanyşyklarynda kasam Kabul etdiler.
On müňlerçe gürjüstanly “Gürji arzuwy” partiýasynyň öňe süren "daşary ýurt agenti" kanunyna birnäçe hepde bäri protest bildirýär.
Demonstrasiýaçylar häkimiýetleriň suw toplary, göz ýaşardyjy gaz we rezin oklar bilen eden güýçli basyşlarynyň ençemesine sezewar boldy. Şeýle-de, olara gijelerine gelen garakçylar topary tarapyndan hüjüm edildi.
Prezident Wladimir Putiniň başgaça pikirlileri we garaşsyz institutlary basyp ýatyrmak üçin ulanan rus kanunyna çalymdaş bolansoň, bu kanun taslamasy ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler tarapyndan berk ýazgaryldy.
Emma muňa garamazdan, kanun taslamasynyň “Gürji arzuwy” partiýasy tarapyndan gözegçilik edilýän parlamentde boljak üçünji okalyşda hiç bir bökdençsiz tassyklanylmagyna garaşylýar. Premýer-ministr Irakli Kobakhidze 13-ni maýda onuň tassyklanyljakdygyny ýene bir gezek tassyk etdi.
Oppozisiýadaky kanun çykaryjylaryň hukuk komitetiniň 13-nji maýdaky mejlisine gatnaşmagynyň gadagan edilmegi bilen, hukuk komitetiniň parlament binasyna toplanan kanun çykaryjylarynyň kanun taslamasyny gözden geçirmegi we tassyklamagy, şeýlelikde onuň 14-nji maýda boljak doly ýygnagyň garamagyna geçirilmegine ýol açylmagy bary-ýogy 67 sekunt wagt aldy.
Forum