Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside ganly tutda-baslyklar boldy. Kanun çykaryjylar gapma-garşylykly kanun taslamasyny tassyklamaga gyssanýar


Gürjüstanyň polisiýasy 13-nji maý güni irden parlamentiň daşynda toplanan protestçileri, aýdylmagyna görä, zorluk bilen dargadyp, 20 adamy tussag etdi. Gürjüstanyň dolandyryjy partiýasyndan bolan kanun çykaryjylar dawaly “daşary ýurt agentleri” kanun taslamasynyň kabul edilmegini gazanjak bolýarlar, emma ýurduň köp adamy ony söz azatlygyna we ýurduň Ýewropa Bileleşigine tarap alan ugruna abanýan howp hasaplaýar.

Parlamentiň daşynda tussag edilenleriň arasynda, aýdylmagyna görä, iki ABŞ raýaty we bir rus raýaty hem bar, ýöne olaryň şahsyýetleri barada jikme-jik maglumat ýok.

Kanun çykaryjylaryň gapma-garşylykly kanun taslamasyny üçünji we soňky okaýyşda kanun ara alyp maslahatlaşmaga gelmegi bilen, howpsuzlyk güýçleri uzak gije parlament binasynyň daşynda protest bildiren demonstrantlary dargatmak üçin güýç ulandy. ABŞ, ÝB we beýlekiler, Russiýanyň şuňa meňzeş kanunynyň göçürmesi hökmünde, bu kanun taslamasyny ýazgaryp çykyş etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň wideoýazgylary ýüzi maskaly polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň, tussag etmezlerinden öň, ýykylan protestçini gazaply urup-ýenjendiklerini görkezýär.

Başga bir wideoýazgyda bolsa, ýüzi gana boýalan erkek ýüzi maskaly adamlar tarapyndan zorlukly ýagdaýda tussag edilýär, olar ony gazaply urup-ýenjip, köýnegini ýyrtýarlar.

Dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasy tarapyndan öňe sürlen “daşary ýurt agenti” kanunyna garşy çykýan onlarça müň gürjüstanly indi birnäçe hepde bäri protest bildirýär. Demonstrasiýalar suw toplary, göz ýaşardyjy gaz, rezin oklar bilen ençeme gezek, zorluk bilen basylyp ýatyryldy. Şeýle-de, olar gijelerine garakçylar toparynyň gurnan hüjümlerine sezewar boldy.

Resmileriň köçä çykan adamlara garşy bu hili ýaraglaryň ulanylandygyny inkär etmeklerine garamazdan, protestçiler we žurnalistler rezin oklaryň ulanylmagy netijesinde düşen ýaralaryny görkezdiler.

Bu kanun taslamasyna garşy guralan köpçüliklerin ýygnanyşyklaryň Gürjüstan 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri geçirilen iň uly protest çäreleri bolandygyna garamazdan, premýer-ministr Irakli Kobakhidze 12-nji maýda ýakyn günlerde üçünji okaýyşda gutarnykly tassyklanmagyna garaşylýan kanunyň öňe sürüljekdigini söz berdi.

“Gürji arzuwy” partiýasynyň kanun çykaryjylary 13-nji maýda awtoulagly parlament binasyna gelenlerinde, bu ýerden kowlup çykarylýan demonstrantlar olara ýol ugruna “Gullar! Gullar!” diýip gygyrdylar.

Protestçileriň zorlukly dargadylmagy bilen, hukuk komitetiniň parlament binasyna toplanan kanun çykaryjylarynyň kanun taslamasyny gözden geçirmegi we tassyklamagy, şeýlelikde onuň doly ýygnagyň garamagyna geçirilmegine ýol açylmagy bary-ýogy 67 sekunt wagt aldy.

Oppozisiýadaky kanun çykaryjylar, biraz wagt bäri parlament binasyna goýberilmänsoňlar, komitetiň mejlisine gatnaşmadylar.

Komitetiň başlygy Anri Okanaşwili üçünji okaýyşda diňe redaksiýa düzedişleriniň göz öňünde tutulýandygyny, dolandyryjy partiýanyň agzalarynyň hiç biriniň beýle düzedişleri teklip etmeýändigini aýtdy.

Kobakhidze 12-nji maýda "Gürji arzuwy" partiýasynyň kanun çykaryjylarynyň bu kanun taslamasyny kabul etjekdiklerini we munuň "gürji jemgyýetiniň islegini görkezjekdigini" aýtdy. Şeýle-de ol demonstrantlara "zorlugyň jezasyz galmajakdygyny" duýdurdy.

Parahatçylykly protestlere goldaw bildirmäge çykan prezident Salome Zurabişwili 12-nji maýda geçirilen brifingde hökümetiň we “Gürji arzuwy” liderleriniň köçelere çykan raýatlaryň pikirlerini göz öňünde tutmaýandyklaryny aýdyp, olary berk tankyt etdi.

Habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary we beýleki telekeçilik däl guramalar, maliýeleşdirmegiň 20 göteriminden gowragy daşary ýurtlardan gelýän bolsa, teklip edilýän kanunçylyga laýyklykda, “daşary ýurt döwletiniň bähbitlerini yzarlaýan” hökmünde hasaba alynmaly bolarlar.

Tankytçylar bu kanun taslamasynyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň on ýyl bäri başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak, garaşsyz guramalary jezalandyrmak üçin ulanan "daşary ýurt agenti" kanunlaryna çalymdaşdygyny aýtsalar, ÝB resmileri onuň Tbilisiniň bileleşige agza bolmagyna düýpli päsgelçilik döredip biljekdigini duýdurýarlar.

Forum

XS
SM
MD
LG