28-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýrana bardy.
Resmi türkmen mediasy Berdimuhamedowy Tähranyň “Mehrabad” aeroportunda eýranly ýokary derejeli resmileriň garşylandygyny ýazýar.
Habara görä, taraplar ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşarlar.
Şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitmlemäge gönükdirilen meseleleri maslahatlaşarlar diýip, türkmen mediasynda bellenilýär.