Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda Gazagystanyň Astana şäherine iş saparyny amala aşyryp, Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) maglumat berýär.
Türkmen lideri “Astana Arena” stadionynda “Ymgyr sähradaky duşuşyk” şygary astynda geçýän oýunlaryň resmi açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen “Akorda” köşgünde duşuşdy.
“Biziň halklarymyza mahsus milli öwüşginler çaýylan bu oýunlara, esasan, ýaşlaryň gatnaşýandygy bizi buýsandyrýar. Ondan başga-da, bu ýaryşlar ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm orny eýeleýär” diýip, TDH Berdimuhamedowyň duşuşykda aýdan sözlerini sitirledi.
Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary Gazagystanyň Astana şäherinde 8-13-nji sentýabr aralygynda geçirilýär.
Bu oýunlara Türkmenistandan 29 türgen we 6 tälimçi gatnaşýar.