Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň prezidenti barha artýan ekstremizm barada duýdurýar


Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Şteýnmeýer
Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Şteýnmeýer

Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Şteýnmeýer öz ýurdunda milletçi we aşa-sagçy ekstremistiki güýçleriň artmagyna alada bildirdi. Ol bu barada 29-njy sentýabrda Italiýada Ikinji Jahan urşy döwründäki Marzabotto gyrgynçylygynyň 80-nji ýyl dönümini hatyralamak çärelerine gelende çykyş etdi.

“Meniň ýurdumdaky demokratiýany gowşatmak ýa-da ähmiýetini gaçyrmak isleýän güýçler ähli ýerde. Bu meni alada goýýar” diýip, Şteýnmeýer belledi.

Häzir birlikdäki Ýewropa we onuň demokratik gymmatlyklary üçin arka durmagyň we olar üçin göreşmegiň ähmiýeti öňkülerden has ýokarydyr diýip, ol sözüne goşdy.

1944-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Germaniýanyň nasistleri Marzabottoda 800 töwerek adamy öldürdiler. Bu partizançylyk hereketlerine jogap hökmünde edildi.

Bu Ikinji Jahan urşy döwünde Italiýada nasistik german esgerleri tarapyndan amala aşyrylan iň ýowuz gyrgynçylyklaryň biri boldy.

XS
SM
MD
LG