Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa “jenaýatçy” migrantlary deportasiýa etmek boýunça gepleşik geçirýär - IIM


Germaniýanyň içeri işler ministri Nansi Faeser (arhiw suraty)
Germaniýanyň içeri işler ministri Nansi Faeser (arhiw suraty)

Germaniýanyň içeri işler ministri Nansi Faeser “jenaýatçy” diýip häsiýetlendiren gaçybatalga soraýanlary deportasiýa etmek üçin, Berliniň gizlin gepleşikleri alyp barýandygyny mälim etdi.

“Biz yslamçy ýowuz jenaýatçylary yzygiderli ýagdaýda deportasiýa etmegi isleýäris. Biz Owganystana we Siriýa deportasiýalary täzeden ýola goýmak ugrunda, dürli döwletler bilen gizlin gepleşikleri alyp barýarys” diýip, Faeser “Bild am Sonntag” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Bu baradaky mesele iýunda Mahheim şäherinde bir polisiýa ofiseriniň pyçaklanyp, öldürilmeginden soň gün tertibine getirildi. Derňewçiler hüjümi owgan migrantynyň edendigini aýtdylar.

Neşiriň maglumatyna görä, şu ýyl Germaniýada gaçybatalga üçin 40 müň siriýaly we 20 müň owganly ýüz tutupdyr.

Daşary işler ministri Annalena Barbok bu ädimi tankytlady we migrantlary Owganystan ýaly ýurda deportasiýa etmegiň mümkin däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG