Halkara araçylary Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda petige dirän ýaraşyk gepleşikleriniň gaýtadan, täze tapgyrdan başlanmagyna umyt baglaýarlar.
Ýöne, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas topary bilen Ysraýylyň arasyndaky gepleşiklerde öňegidişlik gazanmak mümkinçiligi az bolup görünýär.
Täze gepleşikler 15-nji awgustda başlanmaly, emma Ysraýyl we Hamas halkara derejesinde goldanylýan ýaraşyk teklibini indi iki aýdan gowrak wagt bäri ara alyp maslahatlaşýar.
Bu döwürde geçirilen gytaklaýyn gepleşiklerde düýpli ilerleme gazanylmady we ylalaşylmaýan meseleler saklanyp galýar. Öňe sürülýän täze şertler öňegidişlik gazanylmagyny kynlaşdyrdy diýip, habarda bellenýär.
Hamas gepleşikleriň täze tapgyryna gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny entek aç-açan aýtmady.
Şu aralykda Gazada barýan söweşler möwjeýär, Eýranyň we onuň sebitdäki wekilleriniň biri bolan Hizbulla bilen has uly sebit urşunyň turmak howatyrlary ýokarlanýar.
Hamas 13-nji awgustda Ysraýylyň Tel Awiw şäherini we onuň töwereklerini iki sany "M90" raketasy bilen nyşana alandygyny aýtdy.
Ysraýylyň habar beriş serişdeleri Tel Awiwde partlama sesleriniň eşidilendigini, ýöne pidalar barada habaryň ýokdugyny aýtdy.