Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti tussaglykdaky öňki premýer-ministr Masimowyň günäsini geçmekden ýüz öwürdi


Karim Masimow ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýakyn ýaranydy. (arhiw suraty)
Karim Masimow ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýakyn ýaranydy. (arhiw suraty)

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tussaglykdaky ozalky täsirli syýasatçy Karim Masimowyň möhletinden ir çykmak baradaky arzasynyň, prezidentiň ýanyndaky günä geçiş komissiýasy tarapyndan ret edilmegi bilen ylalaşýandygyny aýtdy.

Masimow iki gezek ýurduň premýer-ministri bolupdy. Ol 2022-nji ýyldaky tolgunşyklaryň dowamynda häkimiýeti ele geçirmek synanyşygynda we ýokary derejeli dönüklikde günäli tapylyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Informburo.kz websaýtynyň 23-nji iýulda aýtmagyna görä, olara Tokaýewiň soňky karary barada Masimowyň habarly edilendigi boýunça prezidentiň diwanyndan beýanat gowşupdyr.

Geçen aý prezidentiň ýanyndaky günä geçiş komissiýasy Masimowyň haýyşyny ret etmek baradaky netijä gelendigini, şeýle-de Tokaýewe ony aklamazlyk barada maslahat berendigini aýtdy.

Masimow ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýakyn ýaranydy. Ol 2022-nji ýylyň ýanwaryndaky ganly tolgunşyklar bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň aprelinde türmä basyldy.

XS
SM
MD
LG