17-nji iýulda Gazagystanyň günortasyndaky Türkistan şäherinde oppozisiýa aktiwisti Nurlybaý Tataýewiň sud diňlenişigi başlandy. Ol 2021-nji ýylda “Gazagystanyň Demokratik Saýlawy” (DWK) hereketiniň lideri, öz-özünden bosgunlyga çykan Muhtar Ablýazow bilen Internetde gürleşmegi bilen baglylykda jogapkärçilige çekildi.
Ol gadagan edilen toparyň hereketlerine gatnaşmakda aýyplanýar.
Onuň aklawçysy, geçen wagt möhletine salgylanyp, müşderisine bildirilýän aýyplamalaryň bikanundygyny aýdýar.
DWK Gazagystanda 2018-nji ýylda gadagan edildi.
Soňky ýyllarda Gazagystan boýunça, DWK-niň hereketlerine gatnaşmakda aýyplanyp, köp sanly aktiwist türme tussaglygyna höküm edildi, ýa-da şertli tussaglyk möhletine çalym, azatlykdan çäklendirildi.