Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň futbol tälimçisi dil barada eden degişmesi üçin tankytlanýar


Tälimçi Stanislaw Çerkesow
Tälimçi Stanislaw Çerkesow

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Stanislaw Çerkesowyň, Sloweniýa bilen oýundan soň geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda, gazak dili bilen bagly eden degişmesi nägilelikleriň döremegine sebäp boldy.

13-nji oktýabrda bir žurnalist Çerkesowdan gazakça sorag soranda, tälimçi: “Sen häzir meniň bilen fransuzça gürleşýäňmi?” diýip, jogap gaýtardy.

Käbir ýaşaýjylar Çerkesowy bu bellikleri etmek bilen döwlet dilini kemsitmekde aýypladylar.

Gazagystanyň Futbol boýunça Federasiýasynyň prezidenti Adilet Barmenkulow Çerkesowyň arkasyny tutup, tälimçiniň degişmesiniň sorag beren žurnalistiň üstündäki Fransiýanyň futbol toparynyň futbolkasy bilen bagly bolandygyny düşündirdi.

Ýöne bu soragy beren sport kommentatory Bekasyl Seýithan deigişmäniň ýerliksiz bolandygyny belledi.

Asly rus raýaty Çerkesowyň ozalky bellikleri hem Gazagystanda dartgynly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolupdy. Merkezi Aziýanyň bu ýurdunda dil ynjyk meseleleriň biri bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG