Gazagystanyň Kostanaý regionynyň bir obasynda 13 sygyryň dalak keseline ýolugandygy anyklanandan soň, ilatly sebit karantine ýapyldy. Bu barada 6-njy awgustda regionyň weterenariýa bölümi Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Maglumatda 15 günlük karantin möhletiniň, sygyrlar ölen halatynda, uzaldyljakdygy bellenilýär. Obanyň ýaşaýjylarynda geçirilen testlerde sarybaş keseli ýüze çykarylmandyr.
Jandarlaryň bu kesele zäherli otlardan we toprakdan ýolugandygy nygtalýar. Munuň bu sebitde nädip ýüze çykandygy barada düşündiriş berilmeýär.
ABŞ-nyň Ýokanç kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň maglumatyna görä, eger-de antibiotikler bilen bejergi berilmese, bu wirus ölüme hem getirip bilýär.