Gazagystanda hasaba alynmadyk “Naghyz Atažurt” (“Asyl Ata-watan”) partiýasy häkimiýetleriň öz aktiwistlerine garşy basyşlaryny güýçlendirip, olara has köp jerime salýandygyny, şeýle-de partiýanyň liderlerini tussag edýändigini aýtdy.
7-nji awgustda partiýanyň agzasy Nazigul Maksuthanyň Almatyda geçiren metbugat ýygnagynda beren maglumatyna görä, soňky 12 aýyň dowamynda partiýanyň aktiwistlerine umumy hasapda 5 million teňňe (10 müň 500 töweregi dollar) möçberinde jerime salnypdyr. Bu mukdar Merkezi Aziýa döwletinde möhüm pul serişdesi hasaplanylýar.
“Mundan başga-da, biziň kärdeşlerimiz hasaba alynmadyk partiýa ýolbaşçylyk etmekde, onuň agzasy bolmakda we ony maliýeleşdirmekde günäli tapylýar. Munuň bilen, resmiler biziň partiýamyzy hasaba aldyrmak ugrundaky tagallalarymyza ýene has köp bökdençlikleri döredýärler” diýip, Maksuthan aýtdy.
Maksuthan häkimiýetleriň basyşyna ýene bir mysal hökmünde, geçen hepde “Naghyz Atažurt” partiýasynyň lideri Bekzat Maksuthanyň tussag edilmegini hem agzap geçdi. Ol köpçülikleýin çäresini geçirmek düzgünlerini bozmakda günäli tapylyp, 10 gün tussaglyga höküm edilipdi.