Gazagystan bilen Türkmenistan sürüjiler üçin wiza talaplaryny ýatyrmak mümkinçiligini öwrenýär diýip, “Biznes Türkmenistan” resmi maglumata salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň maglumatyna görä, bu çäre Gazagystanyň Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çäkleri arkaly Ýewropa uzaýan goşmaça ulag geçelgelerini döretmek tagallalaryna laýyk gelýär.
Gazagystan bu ýurtlar arkaly Ýewropa bazarlaryna çykmak mümkinçiligini berýän täze ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär.
Aýdylmagyna görä, Gazagystanyň Ulag ministrligi häzir Türkmenistan bilen ýollarda ýükleriň erkin daşalmagyny üpjün edýän we üstaşyr geçirmek üçin amatly şertleri döredýän ulgamy işläp taýýarlar.
Gazagystan bilen Türkmenistan geçen ýylyň oktýabrynda halkara awtomobil ýük gatnawlary boýunça hökümetara ylalaşygyna üýtgetme girizmek hakyndaky ähtnama gol çekdi. Häzir bu resminamany tassyklamak işleri dowam etdirilýär.
Şeýle-de habarda Gazagystan we Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen serhetdäki serhetýaka awtomobil gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň döwrebaplaşdyrylandygy, munuň ol geçelgeleriň gündelik geçiriş mümkinçiliklerini 170-den 960 awtomobile çenli artdyryp, serhetden geçilýän wagty 30 minuda çenli azaldandygy bellenýär.