Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Moskwanyň gözleýän rus raýatyny tussag etdi


Rus prezidenti Wladimir Putin 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Gazagystana baryp, Astanada gazak kärdeşi Kassym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
Rus prezidenti Wladimir Putin 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Gazagystana baryp, Astanada gazak kärdeşi Kassym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

Ukraina goşun sürülmegini ýazgaranyndan soň Moskwa tarapyndan gözlenilýan adamlaryň sanawyna goşulan rus raýaty Gazagystanda tussag edildi.

2007-nji ýyldan bäri Gazagystanda ýaşaýan Ýewgeniý Nakaznenko iş sapary bilen Stambula uçmakçy bolanda Almatyda tussag edildi.

Nakaznenko Gazagystanda daşary ýurt dillerini öwredýän mekdebi dolandyrýar. Moskwa ony rus goşuny barada "galp" maglumat ýaýratmakda we "terrorçylyga meçew bermekde" aýyplap, garşysyna derňew işini açdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy urşa başlanyndan birnäçe hepde soň urşy we ýurduň ýaragly güýçlerini tankytlamagy gadagan etdi.

Ýüzlerçe rus raýaty bu gadaganlygy bozmakda aýyplandy we köp adama uzak möhletli iş kesildi.

XS
SM
MD
LG