Gazagystanyň parlamentiniň başlygy Maulen Aşimbaýew Kiýewde gazak oppozisiýa aktiwisti we žurnalist Aýdos Sadykowa hüjüm etmekde güman edilýän iki gazagystanlydan biri bolan Altaý Žakanbaýewiň Ukraina ekstradisiýa edilmejekdigini mälim etdi.
“Biziň ýurdumyzyň kanunçylygyna görä, respublika öz raýatlarynyň hak-hukuklaryna artykmaçlyk berýär... Gazagystan öz raýatlaryny başga döwletlere ekstradisiýa etmeýär” diýip, Aşimbaýew 27-nji iýunda aýtdy.
Ol gazak derňewçileriniň Sadykowa edilen hüjümi seljermek işlerinde Ukrainanyň resmileri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny hem sözüne goşdy.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýiti tankytçysy Sadykowy 18-nji iýunda Ukrainanyň paýtagtynda ýaraglardan atdylar. Ol häzir intensiw bejeriş bölümde saklanylýar.