Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan garagalpak aktiwistine gaçybatalga bermekden ýüz öwürdi


Akilbek Muratow
Akilbek Muratow

Gazagystanda gaçybatalga bermek baradaky arzalara seredýän komissiýa şu ýylyň fewral aýyndan bäri Almaty şäheriniň ekstradisiýa tussaghanasynda saklanýan garagalpak aktiwisti Akilbek Muratowyň (Muratbaý) arzasyny ret etdi.

Bu maglumat Akylbek Muratowyň X platformasyndaky sahypasynda peýda boldy. Aktiwistiň aýal dogany Fariza Narbekowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu habary tassyk etdi.

Muratowyň çap eden habaryna Almaty şäheriniň Iş we durmuş programmalary müdirliginiň kararynyň skrinshoty hem goşulypdyr.

Onda "arza berijiniň" bosgun "düşünjesini kesgitleýän" kriteriýalarda "görkezilen sebäpler esasynda yzarlanmak gorkusynyň ýokdugy” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG